Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" dört esgeri öldürdi, howa zarbasynda on adam öldi


Owgan esgerleri
Owgan esgerleri

“Talyban” owgan harby konwoýyna hüjüm edip, Badhyz welaýatynda dört esgeri öldürdi diýip, resmiler 22-nji noýabrda aýtdylar.

22-nji noýabrda, welaýat paýtagty Kalaýe-Nowyň içinden geçip barýan harby konwoýa garşy guralan talyban hüjümi netijesinde, öldürilenlerden başga, ýedi esger ýaraly boldy diýip, Badhyz welaýat geňeşiniň agzasy Muhammad Nasir Nazari aýtdy.

Başga bir hadysada, 21-nji noýabrda Owganystanyň ýörite güýçleriniň Logar welaýatynda talybana garşy geçirýän operasiýasy mahalynda NATO-nyň howa zarbasyny urmagy soraldy.

Welaýat geňeşiniň başlygy Muhammad Nasir Ghyrat howa zarbasy netijesinde 10 adamyň öldürilendigini aýtdy, emma ölenleriň arasyndan asuda adamlaryň hem bolup-bolmandygy bada-bat belli bolmady.

XS
SM
MD
LG