Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Awstriýa jemgyýeti 10 ýyllygyny belledi


Türkmen baýdagy (illýustrasiýa suraty)
Türkmen baýdagy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan-Awstriýa jemgyýeti 10 ýyllygyny belledi. Bu sene bilen baglylykda 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Türkmenistan-Awstriýa jemgyýeti bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap bolan maglumata görä, bu çärä Wenada akkreditasiýasy bolan ähli ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň wekilleri, Wenanyň diplomatik akademiýasynyň agzalary, Awstriýada okaýan türkmen studentleri we žurnalistler çagyrylypdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna görä, döredijilik agşamynda ýurtlaryň özara medeni-gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatyna ýokary baha berlipdir we olaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ileri tutýan meseleler barada gürrüň berlipdir.

Şeýle-de, Türkmenistan-Awstriýa jemgyýetiniň döredijilik agşamynda “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sany köpçülige teklip edilipdir, türkmen aýdym-sazlary ýerine ýetirilipdir we myhmanlara türkmen naharlary hödürlenipdir.

XS
SM
MD
LG