Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Brýusselde Britaniýanyň ÝB-den çykmak şertnamasyny tassyklady


Tereza Meý britan jemgyýetçiligine hat ýazyp, olary öz hökümetiniň ÝB resmileri bilen gepleşen şertnamasyny goldamaga çagyrdy.
Tereza Meý britan jemgyýetçiligine hat ýazyp, olary öz hökümetiniň ÝB resmileri bilen gepleşen şertnamasyny goldamaga çagyrdy.

ÝB liderleri 25-nji noýabrda Brýusselde sammite toplanyp, Britaniýanyň indiki ýyl Ýewropa Bileleşiginden çykmagynyň esasy iki dokumentine goldaw bildirdiler.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Britaniýa çykanyndan soň bile galýan 27 döwletiň liderleriniň Brýusseldäki ýygnanyşygyndan soň beýanat bilen çykyş etdi.

"Breksit ylalaşygy goldanyldy, emma çykyş prosesi tamamlanardan uzakda" Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite mejlisden soň twitterde ýazdy.

ÝB liderleri Britaniýanyň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda Ýewropa Bileleşigini terk etmeginiň şertlerini jikme-jik beýan edýän 585 sahypa şertnamany we London bilen ÝB-niň breksitden soňky gatnaşyklarynyň nähili boljakdygyny görkezýän syýasy jarnamany tassyk etdiler.

Britan premýer ministri Tereza Meý 24-nji noýabr güni giçlik Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bilen duşuşdy, olar şertnamanyň ÝB-niň ähli ýolbaşçylary tarapyndan goldanjaga çalym edýändigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, ÝB ýurtlarynyň beýleki 27 agzasynyň ählisi bu şertnamany goldasa-da, onuň soň britan parlamentinden geçmegi gerek we kanun çykaryjylaryň köpüsi, şol sanda Meýiň öz Konserwatiw partiýasy oňa garşy boljakdyklaryny bildirdiler.

Meý britan jemgyýetçiligine hat ýazyp, olary öz hökümetiniň ÝB resmileri bilen gepleşen şertnamasyny goldamaga çagyrdy. Ol bu ylalaşygyň Britaniýa üçin “ýagty geljegi” wada berýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG