Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE britan akademigini azatlyga goýberdi


Matthew Hedges aýaly bilen. 2017 ý.
Matthew Hedges aýaly bilen. 2017 ý.

Birleşen Arap Emirliklerinde içalyçylyk aýyplamalary esasynda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen britan akademigi, prezidentiň onuň günäsini geçmek baradaky kararyndan soň, azatlyga goýberildi.

Aýyplamalary inkär edýän 31 ýaşly Matthew Hedges duşenbe güni tussaglykdan boşadyldy.

Hedges özüniň doktorlyk işiniň çäklerinde ýurduň howpsuzlyk strategiýasyny seljerendigini aýdýar.

Ol 5-nji maýda Dubaýyň aeroportynda tussag edilipdi.

Hedgesiň aýaly adamsynyň bu ýurda “diňe akademiki barlag maksatlary bilen” syýahat edendigini aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Hunt Hedgesiň azat edilmegi baradaky habary gowy garşylandygyny aýtdy.

“Matthew Hedges barada ajaýyp habar gowuşdy. Biz oňa bildirilen aýyplamalar bilen razy bolmasak-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň bu meseläni gysga wagtyň içinde çözmegini gowy garşylaýarys” diýip, Hunt özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG