Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen 'wagty gelende' duşuşjakdygyny aýdýar


Tramp Putin bilen 'başga wagtda' duşuşaryn diýýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Tramp Putin bilen 'başga wagtda' duşuşaryn diýýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Voice of America” (Amerikanyň sesi) bilen söhbetdeşlikde özüniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen “örän gowy gatnaşygynyň” bardygyny, onuň bilen başga bir wagtda, gabady gelende duşuşjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň serhet goragçylary ukrain gämilerini oka tutup, ukrain deňizçilerini tussag edenlerinden soň, Tramp Putin bilen Argentinada geçiriljek sammit mahalynda öňünden planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun etdi.

VOA-nyň 30-njy noýabrdaky giň gerimli söhbetdeşligi Buenos Aýresde, 20-ler toparynyň sammitiniň gapdalyndan geçirildi.

Şeýle-de Tramp ABŞ-nyň goňşulary Meksika we Kanada bilen baglaşan täze söwda ylalaşyklary hakynda gürrüň etdi we özüniň Hytaýyň dünýä möçberindäki ösüş geriminden alada galmaýandygyny aýtdy.

Mundanam başga, amerikan prezidenti Birleşen Ştatlaryň bir topar ýurt tarapyndan köp ýyllap “ütülip” gelnendigini belläp, Ýewropa Bileleşigi we beýleki ýurtlar bilen hem has peýdaly söwda gatnaşyklaryny gurmak isleýändigini bildirdi.

XS
SM
MD
LG