Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” ýokary derejeli komandiri öldürildi


Molla Abdulmananyň ölümini "Talyban" hem tassyklady.
Molla Abdulmananyň ölümini "Talyban" hem tassyklady.

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda “Talybanyň” ýokary derejeli komandirleriniň biri öldürildi.

Welaýat häkimi Mohammad Ýasin Khanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Molla Abdulmanan Nawzad etrabyna amala aşyrylan howa hüjüminde öldürilipdir. Hüjümde başga-da dört jeňçi öldürildi.

Molla Abdulmanan jeňçileriň Helmand welaýatyndaky hereketlerine gözegçilik edýärdi.

Onuň ölümini “Talyban” we ABŞ harbylary hem tassykladylar.

Helmand welaýatynda Owganystan boýunça iň köp mukdarda neşe serişdeleri ýetişdirilýär. 2014-nji ýylda NATO güýçleriniň aglabasynyň ýurtdan çykmagy bilen, jeňçiler bu sebitdäki gözegçiligini güýçlendiripdi.

XS
SM
MD
LG