Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda iki aktiwist polisiýanyň heýkelini ýaňsa almakda günäli tapyldy


Tsar döwrüniň polisiýa işgärine bagyşlanan heýkel.
Tsar döwrüniň polisiýa işgärine bagyşlanan heýkel.

Belarusyň paýtagty Minskde iki aktiwiste tsar döwrüniň polisiýa işgäriniň heýkelini ýaňsa alandygy üçin pul jerimesi salyndy.

Minskiň sudy Sýarheý Sparyşy we Wýaçaslau Kasinerau kiçi huligançylykda günäli tapyp, olara $360 möçberinde pul jerimesini saldy.

Sparyş, Kasinerau we başga-da dört aktiwist 2-nji dekabrda tussag edilipdi. Olar heýkeliň öňünde “Içeri işler ministrliginiň ýagty ýadygärligine” diýen ýazgyly gül desselerini goýupdylar.

Geçen aý bolsa, Minskiň resmileri heýkeliň ýüzüne şarpyk çalan bir 16 ýaşly ýetginjege eden hereketleri üçin ötünç soradypdylar.

Heýkel geçen ýylyň martynda açylypdy.

XS
SM
MD
LG