Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Waşingtonda ozalky prezident Buşuň jaýlanyş mirasymy geçýär


Ozalky prezident Jorj Buşuň tabyty ABŞ-nyň Kapitolynda ýerleşdirildi.

Waşingtonyň aglaba bölegi ozalky prezident Jorj Buşuň (George Bush) hatyrasyna guralýan çäreler sebäpli petiklendi.

ABŞ-nyň 41-nji prezidenti 30-njy noýabrda Teksasda, 94 ýaşynda aradan çykypdy. Ol Parkinson keselinden ejir çekipdi.

Buşuň telewideniýede görkeziljek jaýlanyş mirasymy çarşenbe güni Waşingtonyň Milli Katedralynda geçiriler.

Çärede Buşuň ogly, ABŞ-nyň 43-nji prezidenti Jorj W. Buş (George W. Bush) çykyş eder.

Mirasyma ABŞ-nyň ozalky prezidentleri Jimmy Karter, Bill Klinton, Barak Obama hem aýallary bilen gatnaşarlar.

Prezident Donald Trampyň hem aýaly Melania bilen çärä gatnaşjakdygy aýdylýar. Buşuň maşgalasyny açyk tankytlan Tramp çärede çykyş etmez.

Jaýlanyş mirasymy Waşington wagty bilen sagat 11:00-da, Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG