Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kosowonyň goşun döretmek planyny goldaýar 


Filip S. Kosnett
Filip S. Kosnett

ABŞ Kosowonyň goşun döretmek boýunça hereketlerini goldady we muňa garşy çykyş edýänleri köşeşdirmäge synanyşyp, bu prosesiň "köp ýyllara çekjekdigini" belledi.

ABŞ-nyň Pristinadaky ilçisi Filip S. Kosnettiň 6-njy dekabrda RTK telewideniýesinde eden çykyşy Kosowonyň parlamentiniň ýeňil ýaraglanan howpsuzlyk güýçlerini goşuna öwürmek boýunça planlaşdyran ses berişliginden sekiz gün öňüsyrasyna gabat geldi.

ABŞ-nyň bu karary NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň Kosowonyň planlarynyň "biwagtdygyny" we "NATO ýaranlarynyň ençemesiniň maslahatlaryna garşy çykýandygyny" aýtmagynyň yzýany mälim edildi.

Belgrad we Kosowonyň etnik serbleri Kosowonyň goşun döretmegine berk garşy çykyp, munuň BMG-niň rezolýusiýalaryny bozup biljekdigini aýadýarlar. Pristinanyň resmileri muňa garşy çykýarlar.

"Kosowo özüni goramaga ukyply bolmak üçin özbaşdak, garaşsyz ýurt" diýip, Kosnett belledi.

XS
SM
MD
LG