Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen jemgyýetinde täze maşgala gurulanda “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar


Aşgabadyň "Bagt köşgüniň" öňünde täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalar (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň "Bagt köşgüniň" öňünde täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalar (Illýustrasiýa suraty)

Sentýabryň başynda Azatlyk Owganystanyň Şordepe sebitinde ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda 16 ýaşly bir gyzyň 76 ýaşly bir goja durmuşa çykmaga mejbur edilmegi barada wideo habar çap etdi.

Ýaş gyzyň ene-atasy 14 müň dollarlyk galyň üçin öz gyzlaryny 76 ýaşly goja bilen maşgala gurmaga iterdi.

16 ýaşly gyz muny islemeýändigini, ýöne başga alajynyň ýokdugyny Azatlyga gürrüň berdi.

Wideo tomaşaçylarymyzyň arasynda, şol sanda sebitde ýaşaýan türkmenleriň arasynda giň seslenme döretdi.

Şondan soň ýerli ýaşulylar bu gudaçylygyň ýatyrylmagy üçin töwella etdiler.

Gudaçylyk ýatyryldy, ýöne bu wideo türkmen jemgyýetiniň käbir wawwaly meselelerini, şol sanda zenan hukuklarynyň ýagdaýyny, henize çenli saklanyp galýan “galyň” meselesi baradaky soraglary gozgady.

Türkmen jemgyýetinde “galyň” salgydyny tölemek däbi saklanyp galýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:06 0:00

Azatlyk Radiosy “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanyny türkmen halkynyň arasynda maşgala binýady tutulanda henize çenli öz güýjüni saklap gelýän “galyň” meselesine gönükdirýär.

Galyň näme?

Türkmenlerde maşgala binýady tutulanda, durmuşa çykýan gyzyň ene-atasynyň öýlenjek ýigide salýan salgydyna galyň diýilýär. Bu köplenç maliýe serişdelerini, gymmatly şaý-sepleri, täze lybaslary, matalary, öý goşlaryny we beýlekileri öz içine alýar. Galyň üçin tölenen pul töleginiň belli bir möçberi “süýt haky” atlandyrylyp, durmuşa çykýan gyzyň ejesine bagyş edilýär.

Sowet döwründe Türkmenistanda häkimiýetleriň käbir öňden gelýän däp-dessurlary, şolaryň hatarynda galyň tölegini “geçmişiň galyndylary” atlandyryp, olara garşy göreş alyp barandygy barada käbir maglumatlar bar. Ýöne bu däp türkmen jemgyýetinde asyrlaryň dowamynda aktuallygyny saklap, ýeri gelende şahyr ýazyjylar, aýdymçy sazandalar bu temany öz döredijilik işlerinde gozgap geldi. Meselem, Kerim Gurbannepesow “Ýürek” poemasynda şeýle diýýär:

“Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin-

Näm üçin henizem ýatanok galyň?

Agam on ýyl ozal karz alan pulun

Henizem üzüp ýör…

Duýmaýşyň besdir!”

Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror.

Ýöne igenmäge gelniň haky bar.

Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar,

Atjak-atjak bolup,

Giç galşyň besdir.

Türkmen sowet edebiýatynyň iň görnükli wekillerinden Gurbannazar Ezizow şahyranalyk bilen bir şygrynyň soňunda liriki enäniň dilinden jemgyýetiň “galyň” talabyny seslendirýär:

Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!

Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.

Iň gymmat,

Iň zerur,

Gözel zatlary

Alýarys-da, ýara sowgat berýäris.

Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,

Onuň minaradyr şäherlerini,

Onuň al şerap deý iňriklerini,

Dumanly-dumanly säherlerini.

Soňra ýyldyzlary,

Deňiz-derýany,

Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,

Aýy iki ýaryp zergär mysaly

Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Emma bize ýeň berenok eneler:

“Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.

Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen

Olar ýere teňňe bolup düşenok.

Aý diýýärler,

Deňiz-derýa diýýärler,

Tapanlarny jomartlarça seçýärler,

Emma ujypsyzja “galyň” tölemän

Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...”

Galyň - türkmen sosial media muşdaklarynyň "eý görýän" temasy

Galyberse-de, häzirki zaman şertlerinde sosial mediada türkmen dilinde çykyş edýän Twitter ulanyjylary üçin hem galyň temasy iň gyzgalaňly gürrüňlerden biri hasaplanýar.

“Tema “galyň” bolsa “timeline”, [ýagny maglumatlar] akyp başlayar” diýip, bir Twitter ulanyjysy belleýär.

“Ýöne meniň pikirimçe, türkmen maşgalasyna, esasan hem ýaş gelinlere belli bir derejede galyň meselesi ýaramaz täsirini ýetirýär diýip aýdyp biljek", diýip beýleki bir ulanyjy türkmen dilinde ýazýar

“[...] toý, galyň, maşgala, gelinler, ýaşmak we gaýynene temalary iň gyzyklanýan temalarym” diýip, başga bir Twitter ulanyjysy türkmen dilinde belleýär.

Hatda galyň barada aýdym-saz bilen çykyş edýän çeper höwesjeňler-de bar.

Täze gelin kejebä münýär, Türkmenistan
Täze gelin kejebä münýär, Türkmenistan

"Köpler üçin status"

Hususan-da gündogar halklarynyň arasynda, şol sonda türkmen halkynyň maşgala binýadynda galyň, medeniýetleri we jemgyýetleri öwrenijileriň aýtmaklaryna görä, köpler üçin adamlaryň jemgyýetdäki statusyny kesgitleýän däp-dessur, beýlekiler üçin bolsa, maşgalalaryň öňünde keserilip ýatan kynçylyk.

Jemgyýetleriň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýazylmadyk kada-kanunlary we däp-dessurlary olary berjaý etmek bilen meýletin borçlanýan adamlary degişli talaplara döwrüň şertlerine sazlaşykly çykalga gözlemäge iterýär.

Azatlyk Radiosy dünýä türkmenleriniň wekilleri bilen, hususan-da owgan türkmenleri bilen, şeýle-de ýurt içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan käbir türkmenistanlylar bilen gürrüňdeşlik geçirip, olaryň “galyň” baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandy.

Owgan türkmenlerinde galyň

Olaryň hatarynda owgan parlamentine Jöwüzjan welaýatyndan wekilçilik eden öňki senator Baýmyrat Goýunly şeýle diýdi:

Gyzyň galyňy Owganystanda owaldan gelýän bir däp-dessura öwrülip, häzire deňiç şeýle gidip dur. Biz gaty gynanýarys. Bir kişi öýlenjek bolsa 10-20 ýyllap gyzyň galyňyny üzjek bolup, “ýetimçilik edýär”, işleýär, kösenýär, güýmenýär... Şeýelikde gyzyň-da, özüniň-de wagty geçýär. Şeýdip, türkmenlerimiz kösenip ýör, ol gelşikli däl” diýip, öňki senator Goýunly aýtdy.

Owgan türkmenleriniň hataryndaky bilermenlerden Abdylgany Çerkez galyň däbiniň owgan türkmenlerine ýetirýän täsiri barada özüniň şahsy garaýyşlaryny şeýle beýan etdi:

Owaly bilen türkmeni hemmeden beter ýere dykýan zat – galyň. Ogul-öwlat dünýä inse, [ene-atalar] owaly bilen şony nädip öýlendirjegini gaýgy edýärler” diýip, ol aýtdy.

Owganystanly türkmen gyzy
Owganystanly türkmen gyzy

Ol çaganyň ylym-bilim derejesini, onuň sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň, şeýle-de ýaş nesliň geljekde edinjek kesp-kärini alada etmegiň galyňdan-da has aýratyn ähmiýetli orna mynasyp bolmalydygyny gürrüň berdi.

“Diktator bolmaly däl, perzendiň üstüne, bu zalymlyk bolýar! Ömrüniň söwdasy bolýar!” diýip, Abdylgany Çerkez sözüne goşdy.

Owgan türkmenleriniň wekillerinden lukman Aýşa Uýgun alynýan galyňlaryň möçberine nägileligini şeýle beýän etdi:

“Owgan türkmenleriniň arasynda galyň köp alynýar. Galyň 10.000 dollara ýetdi. Şonuň öňüni almak üçin türkmenler çäre görmeli. Galyň kemelse türkmenleriň ykdysady ýagdaýyna kömek boljak” diýip, lukman Aýşa Uýgun aýtdy.

Uýgun gürrüňdeşligiň dowamynda galyňa garşy alnyp barylýan guramaçylykly çärelere özleriniň gatnaşýandygyny, ýöne “mehir” tölegine özleriniň garşy däldigini gürrüň berdi.

"Mehir" bilen "galyňyň" tapawudy

Azatlyk Radiosynyň din wekilleri bilen gürrüňdeşliginde “galyň” bilen “mehriň” arasyndaky aratapawut aýdyňlaşdy. Olaryň sözlerine görä, yslam dininde "mehir" öýlenýän ýigdiň öz gelinligine edýän sowgatlygyna, köplenç ýagdaýda altyn şaý-seplere aýdylýar.

“Owaly bilen, türkmenleriň “gyzyň puly – garyň suwy” diýlen bir nakyly bar. Ýöne şerigat [nukdaýynazardan çemeleşilende-de] “mehir” diýip, bir zat bar. Ýöne ol endazasy bilen, [ýagny çen-çak bilen tölenilýär]. Biziňki endazadan ötüşen, bu zalymlyga barýar” diýip, Abdylgany Çerkez aýtdy.

Türkmen däp-dessurlarynda galyňyň bahasyny gelinligiň ene-atasy kesgitleýär hem-de töleg gyzyň ene-atasyna geçirilýär.

Owgan türkmenleriniň wekillerinden il arasynda Anna bagşy diýlip tanalýan Arna Juma Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde maşgalalaryň arasynda galyň bilen bagly bäsdeşligiň bardygyny gürrüň berdi.

"Galyňy köp tölemekde bäsleşilýär"

“Gyzyň galyňynda gaty ýokary gidildi. Biz türkmenleriň arasynda iň bir erbet [häsiýet] – bäsdeşlik, ýagny “pylanynyň gyzy şunça baha bilen gidipdir” diýen pikir-düşünjeler bilen [birek-birege basdaşlyk edilýär]” diýip, Arna Juma belledi.

Ol Hyrat welaýatynda galyňyň ortaça 3.000 dollar möçberinde ylalaşylýandygyny, söhbetdeşlige gatnaşan gürrüňdeşlerimiz munuň owgan türkmenleriň arasynda kä ýerlerde 5 müň dollardan 12 müň dollara çenli çykýandygyny belledi.

Galyňyň möçberi barada gürrüňe goşulan owgan parlamentiniň öňki wekili Baýmyrat Goýunly şeýle diýdi:

“Indi, mysal üçin, gyzyň bolsa, onuň galyňyny 10 müň, 15 müň ýa-da 20 müň dollara kesgitleseň, ogluň hem bar-a seniň alnyňda! Oňa-da mugt bermezler-ä!” diýip, ol pikir ýöretdi.

Onuň sözlerine görä, etniki türkmenleriň arasynda gyz çagalaryň erkin bilim almagyna ýol berilmeýär, olar ýaňy 9-10 ýaşa ýetende haly dokamaga mejbur edilýär. Gyz çagalar 13-14 ýaşa ýetende ene-atalary olary barlykly maşgalalara durmuşa çykarmagyň aladasyny edip başlaýar.

“Olara rehim edilenok! ‘Entek 18-20 ýaşyny doldursyn, aýallyk edip biljek derejä ýetsin’ diýip, pikir edilenok. Pikirlenmeli şony! 15-16 ýaşynda durmuşa çykan gyzlaryň çaga dogurjak bolup, dünýäden ötýänleri hem bar. Ölýän kän şeýdip! Soňam bolsa 14-15 ýaşlaryndaky gyzlar puly köpräk berjek 50-60 ýaşly erkeklere-de durmuşa çykarylýar” diýip, ol gürrüň berdi.

Türkmenistandaky galyň salgydy

Durmuşa çykýan gyzyň maşgalasyna “galyň” geçirmek däbi Türkmenistanda-da giňden saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Türkmenistanda galyňyň möçberiniň regionlara görä üýtgeýändigini habar berýärler.

“2010-njy ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bir geline 6.5 müň dollar möçberinde galyň geçirildi” diýip, DW neşiriniň arhiw materiallarynda aýdylýar.

Aşgabatda bezelen gelin maşyny, 25-nji maý, 2015-nji ýyl (illýustrasiýa)
Aşgabatda bezelen gelin maşyny, 25-nji maý, 2015-nji ýyl (illýustrasiýa)

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy 6-njy dekabrda beren maglumatynda Aşgabatda häzirki wagtda galyň töleginiň aşa göterilendigini habar berdi.

Onuň galyň baradaky beren maglumatlarynyň we sanlarynyň detallary şeýle:

  • Süýt haky: 4.000 – 5.000 dollar aralygyndaky töleg

– Süýt haky durmuşa çykýan gyzyň galyňyndan onuň ejesine bagyş edilýän tölege diýilýär

  • Gyzyl şaý-sepler üçin: ortaça 5.000 dollar töleg tölenýär

– Gyzyl şaý-sepler, altyndan gulak halkalary, altyn zynjyrlary, altyn bilezikleri, altyn ýüzükleri öz içine alýar

  • “Halat”: 2.000 dollar töweregi

– Durmuşa çykýan gyzyň ene-atasyna, doganlaryna, daýy-daýzasyna oglan tarapyň etmäge borçlanýan egin-eşik sowgadyna “halat” diýilýär

  • Il arasynda “molla kowdy” atlandyrylýan Hudaý ýoly: 1 müň dollar töwereginde çykdajy edilýär

– Durmuşa çykýan gyzyň atasynyň öýünde geçirýän iň soňky agşamynyň öňýany berilýän Hudaý ýoly sadakasyna il arasynda “molla kowdy” diýilýär. Bu sadakanyň çykdajylaryny hem oglan tarap öz üstüne alýar.

  • Toý dabarasy geçirilýän restoranyň çykdajylary: ​Ýagdaýa görä üýtgeýär

– Aşgabatda toý dabarysy boýunça hyzmatlary hödürleýän ortaça restoran çagyrylan myhman başyna 115 manat soraýar

  • Gelinalyjy ulag kerweni üçin 25-30 maşyn bezelýär
  • Toý dabarasyna çagyrylýan aram bagşylaryň we tamadaçynyň tölegi ortaça 1.500 – 2.000 dollar aralygynda üýtgeýär

Habarçy toý çykdajylarynyň, galyňy hem öz içine alanda, azyndan 15.000 dollardan başlaýandygyny gürrüň berdi.

Türkiýe döwletinden gürrüňdeşlige türkmen ýaşlarynyň hataryndan goşulan Jemal galyň baradaky garaýyşlaryny şeýle düşündirdi:

“Men galyňy, aslynda, gadymdan bäri süýt haky diýlip geçirilýän töleg diýip bilýärin. Ol hem ejä berilmeli. Ýöne şuwagt, galyňy almak başga hili ulanylmaga başlandy, has kän [alynýar]” diýip, Jemal aýtdy.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2001-nji ýylda türkmenistanly gyzlar bilen durmuş gurmaga isleg bildirýän daşary ýurtlaryň raýatlary üçin 50.000 dollar möçberinde, halk dili bilen aýdylanda, “Döwlet galyňyny” girizdi.

Bu çäre daşary ýurtlaryň raýatlaryna durmuşa çykýan türkmenistanly gyzlaryň durmuş ätiýaçlandyryşy maksady bilen görülýär diýlip düşündirildi.

"Agyr bergi maşgalada oňşuksyzlyk döredýär"

“Meniň düşünjäm – eger-de gyz tarapyň ene-atasy isleýän bolsa we oglan tarap hem berip bilýän bolsa galyň alnyp bilner. Ýöne eger, köplenç ýaşlar bolýar, mysal üçin, oglan tarapyň ýagdaýy bolmaýar, ýöne öýlenesi gelýär. Olar ýaly ýagdaýda alynmasa gowy bolar; ýaşlaryň gelejegi üçin!” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

“Ýaşlaryň gelejegi üçin galyň alynmasa gowy bolar” diýip, Jemal belledi. Azatlygyň aşgabatly habarçysy bäsdeşlik esasysynda dabaraly toý etmek üçin käbir maşgalalaryň agyr bergä batýandygyny, durmuş ýoluna täze gadam basan ýaş çatynjalaryň gutulgysyz bergilerden gözbaş alýan maliýe oňşuksyzlyklary sebäpli, wagtyň geçmegi bilen maşgalalarynyň bozulýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde “galyň” sözi agzalmaýar.

XS
SM
MD
LG