Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde guralan "sary keltekçe" protestlerinde 340 adam tussag edildi


Ýoly baglaýan protestçiler. 3-nji dekabr, 2018 ý.
Ýoly baglaýan protestçiler. 3-nji dekabr, 2018 ý.

Sary keltekçeli demonstrasiýaçylar toparynyň hökümete garşy guran täze protestleriniň çäginde fransuz paýtagtynda polisiýa bilen çaknyşyk boldy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, polisiýa 8-nji dekabrda farnsuz prezidentiniň köşgüne tarap ýöriş edýän protestçileri togtatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Häkimiýetler eýýäm, howpsuzlyk çäreleriniň berkidilmegi netijesinde, 340 adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Täze anti-hökümet protestlerinde bolmagy ahmal zorlukly hereketleriň öňüni almak üçin Fransiýanyň çar künjeginde 89 müň çemesi polisiýa ofiseri ýerleşdirildi

Parižde Eýfel diňi we Lowr, şeýle-de ýüzlerçe dükan we biznes ýapyldy.

Geçen hepde ahyrynda fransuz paýtagtynda bolan protestler zorlukly hereketlere we 130 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Prezident Emmanuel Makronyň hökümeti Parižde 8-nji dekabrda boljak täze “sary keltekçe” protestleriniň “radikallaşan we pitneçi” mähelle tarapyndan başga ugra sowuljakdygyny duýdurdy.

Ýangyç salgytlarynyň ýokarlandyrylmagy üstünde turan protestler indi üçünji hepde dowam edýär, Makron 5-nji dekabrda bu karary ýatyrjakdygyny yglan etdi.

Emma bu protestçileri kanagatlandyrmady, olar talaplaryny köpeltdiler, şol sanda has uly salgyt kemeltmelerini we aýlyklaryň köpeldilmegini talap etdiler.

XS
SM
MD
LG