Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk topary arz edeninden soň 'ýiten' pensioneriň aragatnaşyga çykandygyny aýdýar


 Kaka Gurbanow, pensioner.
Kaka Gurbanow, pensioner.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 8-nji dekabrda 30-njy noýabrda ýitirim bolan Kaka Gurbanowyň özleri bilen telefon aragatnaşygyna çykandygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, bikanun alnan kwartirasyny yzyna almak üçin arz edeninden soň ýiten “pensioner öz ýagdaýynyň gowudygyny aýtdy, emma özüne bolan zatlar barada jikme-jik gürrüň bermekden saklandy”.

82 ýaşyndaky Kaka Gurbanow 22-nji maýda Aşgabatda kwartirasynyň bikanun elinden alnyp, başga birine berlendigini, emmä häkimiýetleriň öz arzyny diňlemeýändigini aýdyp, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýazmagyna görä, şondan soň oňa hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri haýbat atyp başlaýar.

“Noýabryň aýagynda Aşgabadyň Berkararlyk etrabynyň prokuraturasynda Gurbanowa sülçiniň “Gurbanow meni masgaralady” diýip arza berendigini, basym pensioneriň yzyndan “gandally geljekdiklerini” aýtdylar, Kaka Gurbanow 30-njy noýabrda telefon jaňlaryna jogap bermegini kesdi” diýip, TH 2-nji dekabrda habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri 82 ýaşyndaky gojanyň jaýynyň bikanun alnyşy, soňra oňa häkimiýet wekilleri tarapyndan haýbat atylyşy hakynda çykan habarlara açyk reaksiýa bildirmedi.

Türkmen häkimiýetleri öz hukuklaryny goramaga çalyşýan raýatlary mundan öň hem gowy görmeýärdiler. Mysal üçin, 2016-ny ýylyň noýabrynda Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa Azatlyk Radiosyna wideo interwýu berenden soň 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG