Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Iordaniýanyň üstünden Siriýa gumanitar kömegini ýollaýar


Siriýaly bosgun çagalar. Arhiw suraty
Siriýaly bosgun çagalar. Arhiw suraty

Birleşen Milletler Guramasy, mundan iki aý ozal gaýtadan açylan, Iordaniýanyň Jaber-Nassib serhet geçelgesinden Siriýadaky ýüzlerçe müň adama gumanitar kömegini daşap başlady.

BMG-niň gumanitar edarasynyň maglumatyna görä, 11 müň 200 tonnalyk kömek 369 ýük ulagy arkaly uruşdan ejir çekýän 650 müň töweregi siriýala eltiler.

Siriýa hökümeti serhet geçelgesini üç ýyldan soň jeňçileriň elinden alyp, oktýabrda ony gaýtadan açypdy.

BMG ýedi ýyl bäri dowam edýän graždançylyk urşy sebäpli 13 milliona golaý siriýalynyň azyk, suw, däri-dermanlar ýaly serişdelere mätäçlik çekýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG