Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky rus ganhoryna ýene bir ömürlik türme tussaglygy berildi


“Angarsk manýagy” atlandyrylan Mihaýil Popkowю 2015 ý.
“Angarsk manýagy” atlandyrylan Mihaýil Popkowю 2015 ý.

Russiýada 22 aýaly öldürmekde günäli tapylyp, 2015-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen polisiýa ofiserine başga-da 56 aýaly öldürmek aýyplamalary bilen ilteşikli ýene bir ömürlik türme tussaglygy berildi. Bu baradaky degişli karary Irkutskyň regional sudy çykardy.

“Angarsk manýagy” atlandyrylan 54 ýaşly Mihaýil Popkow Angarsk şäheriniň golaýynda ýaşap, polisiýa ofiseri bolup işläpdi.

Popkow 2012-nji ýylda tussag edilipdi.

2015-nji ýylda ol 1994-2000-nji ýyllar aralygynda 22 aýaly öldürmekde günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Popkowa 2017-nji ýylyň martynda başga-da 59 aýaly öldürmekde aýyplama bildirildi.

Resmiler Popkowyň gulluk wagty hem, polisiýa lybasynda we ulagynda adamlary öldürendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG