Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýanyň ýaranlygy parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy


Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýanyň ýaranlygy irki parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, sesleriň 70% töweregini eýelemegi başardy.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, Paşiniýanyň “Meniň ädimim” ýaranlygy 9-njy dekabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 70.4%-ni alypdyr.

Paşiniýan indi parlamentdäki köpçülige eýe boldy.

Ozal häkimiýet başynda bolan Respublikan Partiýasy 101 agzalyk Milli Assambleýada orun almak üçin gerekli 5% çäginden artyk sesleri alyp bilmedi.

“Meniň ädimim” ýaranlygynyň başga bir bäsdeşi, tütjar telekeçi Gagik Tsarukianyň Bereketli Ermenistan Partiýasy sesleriň 8.3%-ni aldy.

Saýlawlara ses berijileriň 48.6%-ni gatnaşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG