Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko rus-ukrain dostluk şertnamasyny togtatmak baradaky kanuna gol goýdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýa bilen baglaşylan dostluk şertnamasyny togtatmak baradaky kanuna gol goýdy.

Prezidentiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoda Poroşenko muny “kolonial geçmiş bilen doly arany üzmek we Ýewropa tarap täze ugry almak boýunça strategiýanyň bir bölegi” diýip, atlandyrdy.

Ylalaşygyň möhleti 31-nji martda tamamlanmaly. 6-njy dekabrda ukrain kanunçykaryjylary, ses berilişik arkaly, şertnamanyň möhletini uzaltmaly däl diýen netijä geldiler.

1997-nji ýylda baglaşylan şertnama Russiýany we Ukrainany “birek-biregiň territorial bütewiligine we umumy serhetleriň eldegirilmesizligine hormat goýmagyna” borçlandyrýardy.

2014-njy ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alypdy. Şeýle-de, Moskwa Ukrainanyň gündogarynda Kiýewe garşy söweşýän separatistleri goldap gelýär.

XS
SM
MD
LG