Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky hüjümlerde azyndan 31 adam öldürildi


Kunduz welaýat geňeşiniň agzasy Ghulam Rabbani Rabbani
Kunduz welaýat geňeşiniň agzasy Ghulam Rabbani Rabbani

Kabulda, Kunduz we Kandahar welaýatlarynda 11-nji dekabrda guralan hüjümlerde azyndan 31 adam öldürildi diýip, owgan resmileri aýtdylar.

Kabulyň günbatar böleginde, howpsuzlyk konwoýynyň golaýynda partladylan ulag bombasy howpsuzlyk güýçleriniň azyndan dört agzasyny we asuda ilatdan dokuz adamy öldürdi. Bu hüjüm netijesinde azyndan 11 adam ýaralandy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde bu hüjümi özleriniň gurnandyklaryny aýtdy.

Şu aralykda “Talyban” jeňçleriniň demirgazykdaky Kunduz welaýatynda bir barlag nokadyna eden üç sagatlyk hüjüminde azyndan 10 sany polisiýa ofiseri öldürildi, 11 sanysy bolsa ýaralandy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Ghulam Rabbani Rabbani aýtdy.

Günortadaky Kandahar welaýatynda “Talyban” jeňçileri Arghistan etrabyndaky barlag nokadyna zabt edip, sekiz ofiseri öldürdiler diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Aziz Ahmad Azizi aýtdy.

Söweşde talybanyň 11 söweşijisiniň öldürilendigi aýdylýar.

10-njy dekabrda guralan hüjümlerde talyban howpsuzlyk güýçleriniň 32 agzasyny öldürdi.

XS
SM
MD
LG