Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada YD-a, “Al-Nusra Frontuna” hemaýat bermekde aýyplanyp ýedi adam tussag edildi


Demirgazyk Kawkaz

Rus resmileri Ýakyn Gündogardaky iki sany ekstremistik topary maliýeleşdirmekde şübhelenýän ýedi raýatyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Derňew Kommitetiniň beren maglumatyna görä, aýyplanýanlar Moskwanyň eteginde, şeýle-de Demirgazyk Kawkazyň Çeçenistan, Dagystan we Inguşystan respublikalarynda ele salynypdyrlar.

Olaryň “Yslam döwleti” we “Al-Nusra Fronty” ekstremistik toparlaryna umumy hasapda 38 million rubl, ýa-da 570 müň dollar iberendikleri aýdylýar.

Howpsuzlyk boýunça Federal Gullugy (FSB) aýyplanýanlaryň ýedisiniň hem FSB-niň, Derňew Kommitetiniň we Milli Gwardiýanyň bilelikdäki operasiýasynda saklanandyklaryny aýtdy.

Mundanam başga, Inguşystanda öten gije terrorist bolmakda aýyplanýan iki adam atylyp öldürildi. Olaryň biri Nazran şäherinde polisiýanyň ulagyna el granatyny zyňypdyr. Hadysada polisiýanyň iki işgäri hem ýaralanypdyr.

Demirgazyk Kawkazda aşa dinçi jeňçiler polisiýa, resmilere we aram musulmanlara ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýarlar.

Ynjyk sebitde guramaçylykly jenaýat, tire-taýpa dawalary ýaly ýagdaýlara hem seýrek duş gelinmeýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG