Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň Saýlaw komissiýasy Paşinýanyň ýaranlygynyň ýeňiş gazanandygyny tassyk etdi


MSK-nyň başlygy Tigran Mukuçian
MSK-nyň başlygy Tigran Mukuçian

Ermenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýerine ýetiriji premýer-ministr Nikol Paşinýanyň “Meniň ädimim” ýaranlygynyň 9-njy dekabrda geçirilen irki parlament saýlawlarynda ynamdar ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan tassyk etdi.

MSK-nyň başlygy Tigran Mukuçianyň 16-njy dekabrda aýtmagyna görä, ahyrky resmi netijeler Paşinýanyň ýaranlygynyň ses berişlikde 70 prosentden gowrak goldaw alandygyny görkezdi.

Biraz öňki tassyklanmadyk netijelerde bu ýaranlygyň 60 prosent çemesinde ses alandygy aýdylypdy.

Şeýle-de Mukuçian ozalky prezident Serž Sargsýnyň ozalky dolandyryjy partiýasynyň – Respublika partiýasynyň 101 orunly parlamente girmek üçin zerur bolan 5 prosent sesi hem alyp bilmändigini tassyk etdi.

Ahyrky resmi netijeler Respublika partiýasynyň diňe 4.7 prosent ses alandygyny görkezdi diýip, Mukuçian 16-njy dekabrda aýtdy.

Respublika partiýasy deslapky netijeleriň sanawlary boýunça hem öz ýeňlişini ykrar etdi we bu netijeleri sorag astyna almajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG