Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly saglyk syýahatçysy Hindistanda 7 müň dollaryny ogurlatdy


Türkmenistanda yglan edilen saglyk aýynda maşk edýän raýatlar. Arhiw suraty.
Türkmenistanda yglan edilen saglyk aýynda maşk edýän raýatlar. Arhiw suraty.

Türkmenistanly aglyk syýahatçysy Hindistanda özüni polisiýa diýip tanadan raýat eşikli adamlara 7 müň dollaryny ogurlatdy.

Hindistanyň “hindustantimes.com” neşiriniň 15-nji dekabrda beren habaryna görä, Şukur Şukoro diýip atlandyrylan aşgabatly ýaşaýajy aýaly bilen üç ýaşyndaky gyzynyň saglygyny bejetmek üçin Hindistanyň demirgazygyndaky Harýana ştatynyň Gurugram şäherine barypdyr.

Polisiýanyň hepdäniň 5-nji güni beren maglumatyna görä, ogurlyk 13-nji dekabrda bolýar.

Özlerini barlag geçirýän polisiýa ofiserleri hökmünde tanadan iki erkek aýaly we gyzy bilen myhman ýerinden tanyşlarynyň ýanyna barýan maşgala agzalaryny saklap, olardan dokumentlerini görkezmeklerini talap edýär.

Sadar polisiýa stansiýasynyň ofiseri Şiw Kumaryň sözlerine görä, ol adamlar öz pidalarynyň göterip barýan sumkalaryny hem görkezmeklerini talap edipdirler we onuň içindäki ýedi müň dollary ogurlap, gaçyp gidipdirler.

XS
SM
MD
LG