Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa tussaglykdaky eýranly aktiwistiň ölümine ‘ýagty salmaga’ çagyrýar


Wahid Saýadi Nasiri. Arhiw suraty
Wahid Saýadi Nasiri. Arhiw suraty

Fransiýa eýran resmilerine ýüzlenip, sosial ulgamlaryndaky maglumatlary üçin türme tussaglygyna höküm edilen aktiwistiň ölümine “ýagty salmaga” çagyrdy.

Daşary işler ministrligi Wahid Saýadi Nasiriniň “tussaglykda ölendigi baradaky habaryndan howsala düşendigini” aýdyp, aktiwistiň “syýasy hereketleri üçin türmä basylandygyny” hem belledi.

Nasiriniň gyz dogany Elaheh Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde eýran resmileriniň doganynyň Kom şäheriniň keselhanasynda ýogalandygyny habar berendiklerini gürrüň beripdi. Nasiri 50 gün açlyk çekipdi.

Elaheh doganynyň türme şertlerine garşy protest edip, şeýle-de özüniň Komdaky tussaghanadan Tährandaky Ewin türmesine geçirilmegini sorap açlyga başlandygyny aýtdy.

Emma, Eýranyň resmi IRNA habar agentligi, Kom welaýatynyň baş prokuroryna salgylanyp, Nasiriniň bagyr näsazlygyndan ýogalandygyny öňe sürdi.

Nasiri 2015-nji ýylda tussag edilipdi. Ol Facebook sahypasynda ýerleşdiren maglumatlary bilen ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneini kemsitmekde we “döwlete garşy propogandada” günäli tapylyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG