Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF Ukraina üçin $3.9 milliard karz berýär


Halkara Walýuta Fondunyň Waşingtondaky baş edarasy.
Halkara Walýuta Fondunyň Waşingtondaky baş edarasy.

Halkara Walýuta Fondy Ukraina üçin 3.9 milliard dollarlyk karz şertnamasyny tassyklady.

Bu prezident Petro Poroşenkonyň öňümizdäki ýylda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýeňişi hökmünde häsiýetlendirildi.

Mundanam başga, Bütindünýä Banky Ukrainanyň halkara bazarlaryndan 1 milliard dollary karz alyp bilmegi üçin 750 million dollarlyk karz kepilligini yglan etdi.

“Dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlarynyň netijeleri biziň ösüşimiziň durnuklylygyny kepillendirýär, şeýle-de Ukrainanyň içerki we daşarky kynçylyklaryna garşy alyp barýan tagallalaryny pugtalandyrýar” diýip, Poroşenko beýanat arkaly çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG