Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň parahatçylyk wekili BAE-de ‘netijeli’ gepleşikleri geçirdi


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad şu hepdäniň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerinde “Talyban” bilen Kabulyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini başlatmak ugrunda “netijeli” duşuşyklary geçirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň araçylyk etmeginde geçirilen üç günlük gepleşikleriň dowamynda uly öňegidişlikler gazanylmasa-da, bu jeňçi toparyny parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrundaky möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

“BAE-de owgan we halkara hyzmatdaşlar bilen Owganystandaky konflikti bes etmek boýunça owgan dialogyny ýola goýmak ugrunda netijeli duşuşyklary geçirdik” diýip, Khalilzad Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Khalilzad 19-njy dekabrda Yslamabatda Pakistanyň armiýa ýolbaşçysy bilen hem duşuşdy. Mundan soň, ol Kabula ugrady.

XS
SM
MD
LG