Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýa eýranly iki diplomaty ýurtdan çykardy


Albanly polisiýa işgäri gözleg işlerini geçirýär. Arhiw suraty.
Albanly polisiýa işgäri gözleg işlerini geçirýär. Arhiw suraty.

Albaniýa mili howpsuzlyk sebäpli eýranly iki diplomaty ýurtdan çykarandygyny mälim etdi. ABŞ resmisi bolsa, diplomatlaryň biriniň Tähranyň Balkan ýurdundaky ilçisi bolandygyny aýtdy.

Albaniýanyň Daşary işler ministrligi diplomatlaryň “ýurduň howpsuzlygyna zyýan ýetirýän hereketlere baş goşandyklaryny” we “diplomatik statusyndan hyýanatçylykly peýdalanandyklaryny” aýtdy.

Ministrligiň metbugat wekili bu mesele boýunça beýleki döwletler, şol sanda Ysraýyl bilen hem gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Alban resmileri diplomatlaryň şahsyýetleri we olaryň edendigi aýdylýan etmişleri barada maglumat bermediler.

Emma, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton özüniň Twitter hasabynda Albaniýanyň premýer-ministri Edi Ramanyň “Eýranyň ilçisini ýurtdan çykaryp, eýran ýolbaşçylaryna terrorizmi goldamak ugrundaky tagallalarynyň kabul edilmejekdigini äşgär etdi” diýip, ýazgy galdyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo diplomatlary “Albaniýada terroristik hüjümleri planlaşdyran eýranly iki agent” diýip, häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG