Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy gaçgaklykdaky tütjar bilen ilteşikli üç adama ýyl kesdi


Kenžebek Abişew, Oralbek Omirow we Almat Žumaghulow terrorçylygy ýaýratmakda günäli tapyldy.
Kenžebek Abişew, Oralbek Omirow we Almat Žumaghulow terrorçylygy ýaýratmakda günäli tapyldy.

Gazagystanyň sudy bosgunlykda ýaşaýan tütjar tarapyndan döredilen syýasy hereket bilen ilteşikli bolmakda aýyplap, üç adama uzak m]hletli türme tussaglygy hökümlerini çykardy.

Almatydaky suduň 21-nji dekabrda çykaran hökümlerine laýyklykda, Kenžebek Abişew, Oralbek Omirow we Almat Žumaghulow terrorçylygy ýaýratmakda günäli tapyldy.

Žumaghulow etniki ýigrenje meçew bermekde hem günäli tapyldy.

Prokurorlar 2017-nji ýylyň noýabrynda tussag edilen üç adamyň, Gazagystanyň Demokratik saýlawlary hereketiniň ideýalaryny wagyz etmek bilen, mukaddes urşy planlaşdyrandygyny öňe sürdi.

Bu gurama gazak häkimiýetleri tarapyndan terrorçy gurama hasaplanýar we mart aýynda gadagan edildi.

Aýyplanýanlaryň ählisi 1-nji oktýabrda başlanan sudda bildirilen aýyplamalar boýunça özleriniň günäkär däldigini öňe sürdüler we özleriniň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýtdylar.

Gazagystanyň Demokratik saýlawlar hereketi Muhtar Abliýazow tarapyndan döredildi. Ol prezident Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň hökümetiniň berk tankytçysy bolmak bilen, daşary ýurtda bosgunlykda ýaşaýar.

Gazak hukuk toparlary bu üç adamyň syýasy tussag hasaplanylmalydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG