Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýada Ýefrat derýasyny kesip geçmegi karar etdi


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglu

Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat derýasynyň gündogar bölegini mümkin boldugyndan tiz kesip geçjekdigini mälim etdi. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglu öz ýurdunyň Siriýa bilen serhedine goşunlaryny ibermeginiň ertesi 25-nji dekabrda aýtdy.

"Eger Türkiýe Siriýa girjegini aýdýan bolsa, bu tiz bolar" diýip, Çawusoglu žurnalistlere aýtdy.

“Biz Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky giňişliklerine mümkin boldugyndan girmegi planlaşdyrýarys" diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri aýtdy.

Türkiýe agzalan giňişlikde täze harby operasiýasyna başlamakçydygyny şu aýyň başynda aýdypdy.

Geçen hepdede ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýadan amerikan goşunlaryny çykarmak kararyny yglan edip, bu çäresini tamamlaýança Türkiýäniň öz kampaniýasyny yza tesdirmegine çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG