Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Galmygystan 1940-njy ýyllaryň sürgüniniň 75-nji ýyl dönümini belleýär


Stalin döwründe halklaryň Sibire sürgün edilmeginde ulanylan wagon, Elista

Orsýetiň Galmygystan regiony galmyklaryň sowet diktatory Iosif Stalin tarapyndan Sibire köpçülikleýin sürgün edilmeginiň 75-nji ýyl dönümini belleýär.

28-nji dekabrda Galmygystanyň buddist ybadathanalarynda geçirilen dini ybadatlar 1943-1956-njy ýyllaryň deporasiýasynyň netijesinde ýogalanlaryň hatyrasyna matam tutdular.

Müňlerçe adam Galmygystanyň paýtagty Elistanyň merkezinde dikilen "Gidiş we gaýdyş" atly ýadygärligiň öňünde geçirilen matam çäresine gatnaşdy. Ýadygärligi amerikan-rus skulptory Ernst Neizwestnyý döretdi.

Mongol dilinde gepleýän esasan buddizm dinine uýýan galmyklar 1940-njy ýyllarda nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlykda aýyplanyp, ýaşaýan ýerinden zor bilen Sibire göçürlen halklaryň biri.

1943-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 100 müň çemesi galmyk mal daşaýan wagonlara ýüklenip, Sibire sürgün edilipdi. Resmi bolmadyk sanlara görä, olaryň azyndan üçden bir bölegi ýolda heläk bolupdyr. Sürgünlikde aman galanlara 1956-njy ýylda Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýän Galmygystana dolanmaga rugsat berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG