Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan Gyrgyzystanyň gaçgak emeldaryny Bişkege ugratdy


Adamkul Junusow

Gyrgyzystanyň ozalky gümrük başlygy Azerbaýjandan Bişkege ekstradisiýa edildi. Ol wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, awgust aýynda gaýybana günä bildirilen wagtyndan bäri gözlenip ýördi.

Gyrgyzystanyň maliýe polisiýasynyň sözçüsi Anastasia Piskur Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde gümrük gullugynyň ozalky başlygy Adamkul Junusowyň Bakuwdan Bişkege 28-nji dekabrda ugradylandygyny aýtdy.

Junusow Bakuwyň Haýdar Aliýew halkara uçar menzlinde, Bişkegiň talaby esasynda, 5-nji dekabrda tussag edildi.

Bişkekdäki maliýe polisiýasy Junusowy 2013-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli gümrük gullugyna ýolbaşçy bolanda “korrupsiýa hereketlerine” baş goşmakda aýyplaýar.

Aýdylmagyna görä, ozalky gümrük başlygynyň bikanun işleri netijesinde döwlet gaznasyna $2.1 million çemesi zyýan ýetirilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG