Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Holliwud ýyldyzy Angelina Joli syýasata girmek ähtimallydygyny ýaňzydýar


Angelina Joli Köne Mosula sapar wagtynda. Yrak, 16-njy iýun, 2018.
Angelina Joli Köne Mosula sapar wagtynda. Yrak, 16-njy iýun, 2018.

Holliwud ýyldyzy, BMG-niň ýörite wekili Angelina Joli (Jolie) dünýä liderlerini konflikt zonalaryndaky bosgunlar we aýallar üçin has köp tagalla etmäge çagyryp, özüniň hem bir gün syýasata girip biljekdigini ýaňzytdy.

Ol syýasata tarap ugur alýarmyň diýlip berlen soraga, özüniň “gerek bolan” ýerine gitjekdigini aýdyp jogap berdi.

Joli 28-nji dekabrda BBC radiosy bilen eden söhbetdeşliginde özüniň Birleşen Milletler guramasynda we beýleki guramalarda işlän wagtynda “hiç bir derejesiz hem köp iş bitirendigini” belledi.

Oskar baýragynyň eýesi bolan 43 ýaşly aktrisa häzir BMG-niň Bosgunlar edarasynda wekil bolup işleýär we aýallaryň jynsy zorlugyna garşy hem kampaniýa alyp bardy.

XS
SM
MD
LG