Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukrainanyň harytlaryna gadaganlyk girizilýär


RUSSIA - MOSCOW, DECEMBER 28, 2018: RussiaN Prime Minister Dmitry Medvedev during a meeting of the Russian Security Council at Moscow's Kremlin
RUSSIA - MOSCOW, DECEMBER 28, 2018: RussiaN Prime Minister Dmitry Medvedev during a meeting of the Russian Security Council at Moscow's Kremlin

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, ukrain firmalary we şahslary sanksiýalar sanawyna girizilenden birnäçe gün soň, Ukrainanyň harytlaryna, şol sanda oba hojalyk we senagat önümlerine hem gadaganlyk girizilýändigini yglan etdi.

Medwedew 29-njy dekabrda öz twitter sahypasynda rus çäreleriniň “Ukrainanyň çäklendirmelerine garşy görlen jogap çäreleriidigini” aýtdy.

Ukraina bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar Moskwa 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw berip başlaly bäri bulaşdy.

Gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri dowam edýän konfliktler netijesinde 10,300 çemesi adam heläk boldy.

ÝB, ABŞ tarapyndan görlen gadaganlyk çäreleriniň gapdaly bilen, Kiýew hem rus kompaniýalaryna we raýatlaryna garşy gadaganlyk çärelerini gördi.

Medwedew 25-nji dekabrda “rus döwletiniň, kompaniýalarynyň we raýatlarynyň bähbitlerini goramak üçin”, Ukraina babatdaky sanksiýalar sanawyny giňeltjekdigini, onuň 200 çemesi şahsy we kärhanany öz içine aljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG