Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pariždäki protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanyldy, demonstrasiýaçylaryň sany azaldy


Pariž. “Sary keltekçe” protestçisi yşarat edýär. 24-nji noýabr, 2018 ý. Arhiw suraty

Fransiýanyň “sary keltekçe” protestçilerine ýene birnäçe müň adam goşuldy, olaryň käbiri prezident Emmanuel Makronyň işden çekilmegine çagyrdy, emma hökümete garşy demonstrasiýaçylaryň umumy sany kesgin azalan ýaly göründi.

29-njy dekabrdaky protestçileriň resmi sany bada-bat elýeterli bolmady, emma Fransiýanyň Kanal LCI telewideniýesi ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, demonstrasiýa çykanlaryň 12 müň bolandygyny, munuň öňki hepdede habar berlen 40 müň protestçiden kän azdygyny aýtdy.

Protestleriň iň gyzan wagty olara 120 müň adam gatnaşypdy.

Polisiýa Pariždäki protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazlary ulandy, Bardo, Nantes şäherlerinde we beýleki ýerlerde, protestleriň ýedinji hepdesinde üzlem-saplam çaknyşyklar boldy.

Guramaçylar, ýygnanyşyk ýerleriniň biri hökmünde,31-nji dekabrda Parižiň meşhur Ýeliseý meýdançasynda mitinge toplanmaga çagyrdylar.

Däp boýunça adamlar her ýylyň aýagynda bu töwerekdäki bulwarlara çykyp, feýerwerklere tomaşa edip, Täze ýyly garşy alaýarlar.

Bu protestler ýangyç salgytlarynyň ýokarlandyrylmagy netijesinde başlandy we Makronyň 5-nji dekabrda bu karary yzyna alýandygyny yglan etmegine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG