Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekin Taýwan bilen birleşmek üçin 'zerur çärelerden el çekmeýär


Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping, Pekin, 2-nji ýanwar, 2019.
Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping, Pekin, 2-nji ýanwar, 2019.

Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping Hytaýyň we Taýwanyň parahatçylykly birleşmegine garşy durýan güýçlere garşy “ähli zerur çäreleri” ulanmak mümkinçiliginden Pekiniň el çekmejegini aýtdy.

Ksi Jinping 2-nji ýanwarda eden bu çykyşynda bileleşigiň başa barjagyna özüniň şübhelenmeýändigini aýtdy. Ol Taýwan bogazynyň iki tarapyndaky halklary maksada tarap işlemäge çagyrdy.

1-nji ýanwarda Taýwanyň prezidenti Tsai Ing-wen Hytaýyň ikitaraplaýyn meseleleri çözmekde diňe parahatçylykly serişdeleri ulanmaga çagyrdy. “Men Hytaýy Taýwanda Hytaý respublikasynyň bolmak hakykatyny göni ykrar etmäge çagyrasym gelýär” diýip Tsai aýtdy. Ol Hytaýyň Taýwanyň syýasy we sosial ýagdaýyna goşulmagynyň öz ýurdy üçin “häzir iň uly kynçylyk” bolup durýandygyny aýtdy.

Hytaý Taýwanyň içerki işlerine goşulmagyny ret edýär. Hytaýyň milletçi güýçleri Çiang Kai-shekyň ýolbaşçylygynda 1949-njy ýylda graždan urşunda kommunistlerden ýeňilip, Taýwana gaçyp gidipdi.

Hytaý Taýwany ykrar etmeýär we resmi parahatçylyk ylalaşygy hiç wagtda baglaşylmandy.

XS
SM
MD
LG