Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýumrulan jaýyň pidalary jaýlanyp başlandy


Jaýyň ýumrulmagy zerarly wepat bolan Igor, Milana we Anastasia Kramarenkonyň suraty, Magnitogorsk, 4-nji ýanwar, 2018.

Orsýetiň Magnitogorsk şäherinde Täze ýylyň öňýanynda ýaşaýyş jaýyň bir böleginiň ýumrulmagy zerarly wepat bolan 6 adam 4-nji ýanwarda jaýlanýar.

Döwletiň gözegçiligindäki TASS täzelikler agentligi bäş adamyň Magnitogorsk şäherinde, ýene biriniň Agapowka obasynda jaýlanjagyny habar berdi.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugy jaýyň ýumrulmagynyň netijesinde wepat bolan dört adamdan ybarat täjik maşgalasynyň Täjigistana ugradyljakdygyny habar berdi.

31-nji dekabrda günorta Ural şäherinde 10 gatly ýaşaýyş jaýyň bir böleginiň ýumrulmagy zerarly azyndan 39 adam wepat boldy. Olaryň şahsyýetiniň anyklanandygy aýdyldy.

Resmiler 1973-nji ýylda gurlan jaýda partlamanyň döremegine gazyň syzmagynyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Jaýda 1100 adam ýaşaýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG