Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda jeňçiler ýedi ofiseri öldürdiler


Owgan howpsuzlyk güýçleri Gandagar welaýatyna gözegçilik edýärler. Arhiw suraty.

Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda jeňçileriň barlag-gözegçilik nokadyna eden hüjüminde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan ýedi gullukçy heläk boldy.

Spin Bolduk etrabynda ýüze çykan hadysada başga-da dört ofiser ýaralandy.

Ýerli resmiler ok atyşlykda 16 söweşijiniň öldürilendigini we 11-siniň ýaralanandygyny aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini, häzirlikçe, hiç bir topar öz üstüne almady.

Soňky hadysa “Talyban” jeňçileriniň hüjümlerini ýaýbaňladan döwrüne gabat geldi. Galyberse-de, bular ABŞ-nyň Owganystandaky 17 ýyllyk urşy gepleşikleriň üsti bilen togtatmak ugrundaky alyp barýan tagallalarynyň fonunda bolup geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG