Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň esgerlerini Owganystandan çykarmak meselesine “garaýar”


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň esgerleriniň bir bölegini Owganystandan çykarmak meselesine “garaýar” diýip, wise-prezident Maýk Pense belledi.

Pensiň çykyşyndan öň, Trampyň Owganystandaky ABŞ esgerleriniň ýarpysyndan gowragyny, ýagny 7 müňüsini çykarmaga taýýarlyk görmek boýunça Pentagona tabşyryk berendigi barada habarlar peýda bolupdy.

Pense 3-nji ýanwarda Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda “häzir prezident bu meselä garaýar” diýip, belledi.

Mundan öň, Tramp beýleki döwletlere, şol sanda Russiýa, Pakistana we Hindistana ýüzlenip, Owganystandaky söweşlere has köp goşulmaga çagyrdy, şol bir wagtda-da Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň bu ýurtda uzak möhletleýin galmagynyň dowam etdirilmegine garşy çykyş etdi.

Tramp 2-nji ýanwarda hökümet maslahatynyň dowamynda eden telewizion çykyşynda Moskwanyň 1980-nji ýyllarda Owganystana goşun salmagynyň Sowet Soýuzyny “bankrotlyga” we onuň ýumrulmagyna alyp barandygyny hem öňe sürdi.

Owganystanda “Talybana” we “Yslam döwleti” toparyna garşy söweş barada eden çykyşynda Tramp regiona has golaý ýerleşýän ýurtlary söweşi kabul edip, oňa gatnaşmaga çagyrdy.

“Beýleki ýurtlara seretseňiz... Pakistan şol ýerde. Olar söweşmeli. Russiýa söweşmeli” diýip, Tramp aýtdy.

“Russiýanyň [1980-njy ýyllarda] Owganystana barmagyna terroristleriň Russiýa ugramagy sebäp bolupdy” diýip, Tramp “Olaryň şol ýerde bolmagy dogrudy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Problema munuň agyr söweş bolmagyndady we olar sözüň doly manysynda “bankrotlyga” uçrady. Olar Sowet Soýuzynyň deregine gaýtadan Russiýa diýlip atlandyrylyp başlandy” diýip, Tramp belledi.

“Näme sebäpden Russiýa [häzir] ol ýerde däl? Näme sebäpde Hindistan ol ýerde däl? Näme sebäpden Pakistan ol ýerde däl?” diýip, Tramp sözüni dowam etdirdi: “Biz ol ýerden 6000 mil uzakda we näme üçin biz ol ýerde?” diýdi.

Sowet Soýuzy 1979-88-nji ýyllar aralygynda Owganystany basyp alypdy we ýurduň gan döküşikli raýat urşunda Kabulyň kontrollygy ugrunda göreşýän dürli mujahedin güýçlerine garşy söweşipdi. Ençeme ýyl dowam eden uly göwrümdäki maliýe ýitgilerinden soňra sowet goşuny Owganystandan çykdy we 1991-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Sowet Soýuzy, ýagny Sowet sosialistik respublikasynyň birleşigi resmi taýdan dargady.

XS
SM
MD
LG