Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magnitogorsk: Resmiler jaýlaryň köpüsiniň ýaşamaga ýaramlydygyny aýdýarlar


Magnitogorsk, girelgesi partlan jaýyň ýaşaýjylary
Magnitogorsk, girelgesi partlan jaýyň ýaşaýjylary

Orsýetiň Magnitogorsk şäher häkimiýetleri 31-nji dekabrda bir bölegi çöken we 39 adamyň ölümine sebäp bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň iki bölegini ýykmagy planlaşdyrýarlar.

Resmiler 6-njy ýanwarda bu toplumyň galan dokuz böleginiň ýaşamaga ýaramlydygyny aýtdylar.

Ýedinji girelge Täze ýyl gijesiniň öňüsyrasynda çökdi we häkimiýetler bu hadysany tebigy gaz partlamasy hökmünde derňeýärler. Sekizinji girelgä hem zyýan ýetdi we olaryň ikisi-de ýumrular.

Resmiler toplumyň beýleki böleklerindäki liftleriň ählisiniň 6-njy ýanwar güni giçlik işlediljekdigini aýtdylar.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew 5-nji ýanwarda bu betbagtçylygyň pidalaryna kompensasiýa hökmünde 65 million rubl ($967,000) serişde goýbermek baradaky karara gol çekdi. Çelýabinsk oblastynyň ýerli häkimiýetleri 93 million rubl ($1.38 million) goýberdiler.

XS
SM
MD
LG