Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Katarda ABŞ-nyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy


ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad.
ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad.

Owgan “Talybanynyň” wekilleri Katarda ABŞ resmileri bilen iki günlük parahatçylyk gepleşikleriniň geçiriljekdigini mälim etdiler.

Emma, “Talyban” 9-njy ýanwarda başlanjak gepleşiklere owgan hökümet resmileriniň gatnaşmajakdygyny aýtdylar.

“Häzirki wagt biz amerikan resmileri bilen gepleşmek isleýäris” diýip, “Talybanyň” Owganystandaky lideri “Reuters” habarlar gullugyna maglumat berdi.

Ol Dohodaky gepleşiklerde jeňçi toparynyň ABŞ-ly esgerleriň Owganystandan çykarylmagy boýunça edýän çagyryşlarynyň, tussaglary çalyşmak meselesiniň dagy maslahat ediljekdigini aýtdy.

Bu ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzadyň “Talyban” liderleri bilen geçiren tertip boýunça dördünji gepleşigi bolar.

XS
SM
MD
LG