Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň liderine degişlidigi öýdülýän otly Pekini terk etdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň otlysydygy öýdülýän demir ýol wagonlarynyň sostawy Hytaýyň paýtagty Pekiniň merkezi demir ýol stansiýasyndan ugrady. Bu barada gözli şaýatlar we žurnalistler maglumat berýärler.

Hytaýyň prezidenti Şi Jinping Kimi gepleşikleri geçirmek üçin Pekine çagyrypdy. Bu Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň arasynda ikinji sammiti geçirmek gürrüňleriniň fonunda bolup geçýär.

Saparyň jikme-jikleri barada ne Hytaýyň, ne-de Demirgazyk Koreýanyň mediasy maglumat berdi.

Kim özüniň Täze ýyl gutlagynda eger-de Waşington sanksiýalaryny dowam etdirse, onda Phenýanyň ýadro gepleşiklerine bolan garaýyşyny üýtgedip biljekdigini duýdurypdy.

Kim özüniň ýeke-täk möhüm diplomatik ýarany Hytaýa eýýäm dördünji gezek sapar edýär.

XS
SM
MD
LG