Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýanmar sudy “Roýtersiň” habarçylarynyň hökümden eden şikaýatlaryny ret etdi


Aktiwistler "Roýtersiň" žurnalistleri Wa Lone bilen Kyaw Soe Oonyň azat edilmegine çagyrýarlar. Arhiw suraty. 12-nji dekabr, 2018 ý.
Aktiwistler "Roýtersiň" žurnalistleri Wa Lone bilen Kyaw Soe Oonyň azat edilmegine çagyrýarlar. Arhiw suraty. 12-nji dekabr, 2018 ý.

Maýanmardaky sud “Roýters” habar gullugynyň howpsuzlyk operasiýalary barada gizlin maglumatlara eýe bolmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen iki habarçysynyň şikaýatlaryny ret etdi.

"Başda çykarylan hökümde kanun esasynda hiç bir ýalňyşlyk ýok. Sud şikaýaty ret etmegi karar edýär” diýip, Ýangon regionynyň ýokary sudunyň sudýasy Aung Naing 11-nji ýanwarda aýtdy.

32 ýaşyndaky Wa Lone we 28 ýaşyndaky Kyaw Soe Oo 2017-nji ýylyň dekabrynda tussag edilip, sentýabrda, hamala, söwlet syrlaryna eýe bolmakda aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu höküm diplimaytlaryň we adam hukuklaryny goraýjylaryň giň tankydyna sezewar boldy.

"Bu günki karar Wa Lone we Kyaw Soe Oo babatda edilen köp adalatsyzlyklaryň ýene biri. Olar hiç bir günäsiz ýerlerinden gözenegiň aňyrsynda oturlar, häkimiýet başyndakylar hakykaty sem etmäge çalyşýarlar” diýip, “Roýters” habar gullugynyň baş redaktory Stephen J. Adleriň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bu žurnalistler Maýanmaryň goşunlarynyň pitneçilige garşy alyp baran we 700 müň rohinga musulmanynyň Bangladeşe gaçmagyna getiren kampaniýasy hakynda habar berdiler.

XS
SM
MD
LG