Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halklaryň huşasty gorlary – nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?


Aşgabadyň Merkezi kitaphanasy. Arhiwden alnan surat.
Aşgabadyň Merkezi kitaphanasy. Arhiwden alnan surat.

"Dünýä Türkmenleriniň" bu sanynda türkmen halk nakyllary we atalar sözi barada söhbet açylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji ýanwarda ýurduň oba hojalyk pudagyna bagyşlap, käbir ýokary wezipeli resmiler bilen geçiren wideo şekilli iş maslahatynda ekerançylyga degişli nakyllar we atalar sözi barada gürrüň gozgaldy.

Prezident oba hojalyga gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewden Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde daýhançylyga, topraga, suwa, ekerançylyga degişli parasatly sözleri toplap neşir etmäge taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň döwlet telekanallary maslahatda prezident Berdimuhamedowyň ekerançylyga degişli nakyllaryň we atalar sözüniň ähmiýeti barada aýdan sözlerini getirdi.

Huşasty gorlar – nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

“Ata-babalarymyz howanyň gurak şertlerinde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň baý we gymmatly tejribesini topladylar. Bu taryhy tejribe häzirki günlerde hem öz möhümligini ýitirenok. Şol tejribe ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda öz beýanyny tapypdyr. Döwlet baştutanymyz bu sözleriň ekerançylygy alyp barmagyň aýratynlyklaryny örän takyk häsiýetlendirýändigini aýtdy” diýip, döwlet telewideniýesi prezidentiň sözlerine salgylanýar.

Bu habarlardan mälim bolşuna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda hökümet derejesinde ýurduň ekerançylygyna we maldarçylygyna degişli sözlügi çapa taýýarlamak barada gürrüň gidýär.

Mundan ozal, geçen asyryň soňky çärýeginde Türkmenistanyň çäginde ekerançylyga we oba hojalyk terminlerine degişli sözlükler çap bolupdy.

1979-njy ýylda ýurduň döwlet çaphanasynda “Türkmen diliniň ekerançylyk leksikasy” atly sözlük hem-de şol ýyl “Oba hojalyk terminleriniň rusça-türkmençe sözlügi” çap edildi.

Ýöne türkmen metbugatyndan mälim bolşuna görä, resmiler täze taýýarlanylmaly oba hojalyk sözlügine pudaga degişli nakyllary, atalar sözüni we beýleki parasatly sözleri hem goşmagy meýilleşdirýär.

"Atalar sözi ýygnalmaly"

10-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew nakyllary we atalar sözlerini ýygnamagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi:

“Atalar sözi hökman ýygnanylmaly. Atalar sözüni ýygnamak bir-ä öz düýnüňe taryhyňa goýulýan hormat, ikinjiden-de, ol atalary sözi ýönelige dörän däl; milletiň mentalitetini açyp görkezmäge-de, milletiň taryhyny dikeltmäge-de aňry ýany bilen goltgy berýän zat” diýip, Bugaýew aýtdy.

Nakyllara çeper pikirlenmäniň asyrlaryň teribesi bilen döredilen we kämilleşen nusgalary hökmünde garalýar. Türkmen halkynyň arasynda olar ruhy baýlygyň esasy özenini düzýän çeper gymmatlyklara deňelýär.

Nakyl bilen atalar sözüniň tapawudy

Türkmen dilçi alymy Pygam Azymowyň baş redaktorlygynda çap edilen Türkmen sowet ensiklopediýasynda atalar sözüne şeýle düşündiriş berilýär:

“Atalar sözi: Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, özüniň bitewi çeperçilik, ritmik gurluşy, mazmuny we formasy boýunça nakyllara has ýakyn žanr. Gysga setirlerde çuň manyly ýeňil formalarda düzülen nakyllardan Atalar sözüniň tapawudy onda ündelýän düşünje güni aýdylman, köplenç göçme manyda, ýa-da kinaýa, tymsal, ýaňsa almak arkaly berilýär. Muňa garamazdan, atalar sözi nakyllara gaty ýakyndyr, olary biri-birinden saýgarmak hem kyn” diýip, Türkmenistan SSR-niň Ylymlar Akademiýasynyň 1972-nji ýylda çap eden ensiklopediýasynyň 1-nji tomunda aýdylýar.

Ensiklopediýada atalar sözi “nakyllara has ýakyn ýöne olardan tapawutlanýan žanr” hökmünde düşündirilýär. Ýöne onda “nakylyň” nämedigine düşündiriş berilmeýär, diňe “Atalar sözüne seret” diýip çäklenilýär.

Türkmen diliniň Internet giňişligindäki iň iri sözlügi, enedilim.com saýty nakyl sözüni “öwüt, nesihat, tälim berýän gysga manyly halk aňlatmasy” diýip düşündirýär.

"Ruhy baýlygyň maýasy..."

Türkmenistanda indi köp ýyllyklaryň dowamynda milli aňyýetiň huşasty gorlaryny kemala getirýän söz sungaty – nakyllar we atalar sözi halk arasynda ünsden düşürilmeýär.

Türkmen jemgyýetinde giň ýaýran garaýyşlara görä, il arasynda, hususan-da oba ýerlerinde gündelik gepleşikde nakyllara salgylanýan, özara gürrüňdeşliklerde atalaryň sözlerinden mysal getirip öz garaýyşlaryny beýan edýän ýaşuly nesliň wekillerine ýygy-ýygydan duşmak bolýar.

“Baýlygyň maýasy, gönezligi halk döredijiliginde. Şonuň üçin-de, türkmende “akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla” diýen söz bar” diýip, Bugaýew aýtdy.

2016-njy ýylyň ferwalynda Türkmenistanda halkyň medeni mirasyny, nakyllary we atalar sözüni orta we ýokary mekdepleriň okuw kitaplaryna girizmek barada döwlet baştutany derejesinde tabşyryk berildi.

Şol ýyl Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Paýhas çeşmesi” atly atalar sözi we nakyllar kitaby çap edildi.

Folklorçylaryň we dilçi-alymlaryň türkmeniň halk döredijiliginden nakyllary we atalar sözüni toplap ýazga geçirmek tejribeleri öz gözbaşyny has aňyrdan alyp gaýdýar.

Türkmen halkynyň arasynda nakyllary we atalar sözüni ýygnamagyň taryhy

Türkmenistanyň Ylymylar Akademiýasynyň Habarlarynda 1996-njy ýylda dilçi N. Seýidowyň awtorlygynda “Nakyllaryň we atalar sözüniň neşiri edilişiniň we öwrenilişiniň taryhyndan” atly makalasynda bu sungatyň ösüşi we öwrenilişi barada maglumat berilýär.

Onda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa eden syýahatynyň yzýany wenger alymy Armeniý Wamberi 1867-njy ýylda Leipzigde “Çagataý dili” ady bilen çap eden kitabyna türki halklaryň arasynda giňden ulanylýan, şolaryň hatarynda türkmen nakyllaryna orun berlen 100 sany atalar sözüni girizýär.

1904-nji ýylda Aşgabatda dilçi S. Agabekowyň awtorlygynda “Türkmen Zakaspiý oblastynyň nakyllary we atalar sözi – Türkmen diliniň okuw kitaby” atly eser çap edildi. Onda iki ýüze golaý nakyl toplandy.

Geçen asyryň başlarynda rus alymy Aleksandr Samoýlowiç türkmen halk döredijiligini, şol sanda atalar sözüni we nakyllary öwrenmekde uly iş bitirýär; “Türkmeniň halk döredijiligi, ertekiler, atalar sözi we tapmaçalar” atly kitabyny çap edýär.

1925-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy folklorçy Muhammet Geldiýewiň toplan nakyllaryndan we matallaryndan ybarat “Makal we matallar ýygyndysy (Babalar sözi)” atly kitabyny çap edýär. Oňa 507 nakyl we 52 matal girizilýär.

1943-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynyň altynjy sanynda dilçi-alym Baýmuhammet Garryýewiň “Türkmen nakyllary” atly makalasy çap edilýär, onuň soňuna 800-e golaý nakyl girizilýär.

1944-nji ýylda Baýmuhammet Garryýewiň Aşgabatda çapa taýýarlan “Şahyrlaryň sesi” atly antologiýasynda döwürdeş ýazyjy şahyrlaryň eserleri bilen bir hatarda 800-e golaý türkmen nakyllary we atalar sözi girizilýär. Şondan soň bu ugurda dilçileriň we folklorçylaryň eden işleriniň sany artyp başlaýar. Aşgabatda 1949-njy ýylda B. Garryýew, K. Osmanow dagylaryň taýýarlan “Türkmen nakyllary” kitaby, 1961-nji ýylda K. Berkeliýewiň çapa taýýarlan “Nakyllar we atalar sözi” atly kitaby, 1968-nji ýylda S. Arazkulyýewiň çapa taýýarlan “Garagalpak türkmenleriniň nakyllary”, 1981 we 1983-nji ýyllarda degişlilikde B. Garryýewiň we K. Berkeliýewiň, şeýle-de 1983-nji ýylda B. Mämmetnyýazowyň hem-de N. Esenmyradowyň tagallalary bilen taýýarlanan nakyllar we atalar sözi kitaplary çap edilýär. 1988-nji ýylda Aşgabatda B. Weliýew hem-de Ç. Ylýasow “Stawropol türkmenleriniň nakyllary” atly kitaby çapa taýýarlaýar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde sowet döwründe türkmen atalar sözüni we nakyllary ýygnamakda guramaçylykly tagalla edilendigini gürrüň berdi:

“SSSR döwründe nakyllary, umuman, halk döreijiligini ýygnamak boýunça uly işler edilýärdi. Ýylyň-ýylyna il içine “folklor eskpedisiýalary” diýlip atlandyrylýan halk döredijiligi ekspedisiýalary guralýardy. Şol eskpedisiýalaryň düzümine görnükli alymlar hem-de ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýa-da Ylymlar Akademiýasynyň, Ýokary okuw jaýlarynyň aspirantlary girýärdi. Şolaryň tagallasy bilen häzirki Golýazmalar fondy diýilýän institutyň düýbi tutuldy” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Folklorçylar köp sanly bagşylaryň ýa-da bolmasa il içindäki dilewarlaryň dilinden nakyllary we atalar sözlerini ýygnaýarlar.

Ýoýulýan nakyllar

Bugaýewiň gürrüň bermegine görä, gymmatly sözler halk içinden ýygnalanda käbir mirasgärleriň, ýagny folklorçylaryň goýberen säwligi bilen käbir nakyllar ýoýulýar. Ýazyjy bu gürrüňleri mysallar arkaly delillendirdi:

“Meselem, şu wagt il içinde “geçä jan gaýgy gassaba ýag” diýýärler, aslynda welin munuň il içindä, häzir hem oba ýerlerinde, köp ýerlerde ulanylyşy “geçä jan gaýgy, gassaba jam gaýgy” - “jam”, ýagny gap gerek, geçiniň etini salmak üçin jam bolmaly. Meselem, “sygryň şahyna ursaň endamy syzlar” diýýärler, aslynda welin “sygryň şahyna ursaň, sugunyň endamy syzlar”, şonuň özüniň kowumdaşynyň endamy syzlar diýen manyda” diýip, Bugaýew düşündirdi.

Azatlyk Radiosy okyjylaryny we diňleýjilerini jedelli nakyllar we atalar sözi barada öz hödürleýän azat platformalarynda pikir aýtmaga, teswir galdyrmaga çagyrýar.

Bugaýewiň ynanjyna görä, syýasatyň ýa-da bolmasa ýokardan berlen görkezmeleriň pidasy bolup üýtgedilen nakyllar we atalar sözleri hem bar:

“Syýasatyň pidasy bolup, üýtgedilen nakyllar hem bar. Olar ýokardan berlen görkezme. Juda kän şeýle zatlar. Men ýekeje mysal aýdaýyn. Şu wagt il içinde ýörgünli ulanýarlar, giripdir iliň köpüsiniň aňyna: “Mollasy köp bolsa toklusy haram öler” diýýärler. Molla? Indi bu ýerde göz öňüne getirip görüň; molla nirede, öldürilýän tokly nirede? Aslynda “gassaby köp bolsa tokly haram ölýär” diýip, Bugaýew aýtdy.

Nakyllary we atalar sözüni öwrenmegiň soňky tejribeleri

Garaşsyzlyk ýyllarynda-da türkmeniň atalar sözüni we nakyllary toplamakda käbir işler edildi. Ýazyjy Gurbandurdy Geldiýew bilen Amanmyrat Altyýewiň taýýarlamagynda “Türkmen nakyllary we atalar sözi” atly kitap 2002-nji ýylda çap edildi. Mundan ozal hem bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylda prezidentiň adyndan “Paýhas çeşmesi” atly nakyllar kitaby çapdan çykdy.

Türkiýäniň Inönü uniwersitetiniň Mugallymçylyk fakultetiniň ylmy işgäri, dosent Nesrin Sisiň 2005-nji ýylda “Türk dünýäsini öwreniş” atly žurnalyň 2-nji sanynda çap eden ylmy makalasynda türkmen atalar sözüne ylmy esasda çemeleşilýär, olaryň türk dilindäki ekiwalentleri we biri-birine gapma garşy wersiýalary deňeşdirilýär.

Meselem, türkmenleriň arasynda “açlyk belasyndan dokluk belasy ýaman” diýilýär, ýöne türk dilinde bu atalar sözi gapma-garşy manyda aýdylýar, ýagny “aç gezenden dok ölmek ýegdir” diýilýär. Ýa-da bolmasa türkmenleriň arasynda “aş atana aş at, daş atana daş at” diýilýär, makalanyň awtorynyň aýtmagyna görä, bu nakylyň türk dilindäki wersiýasy “saňa daş atana sen aş at” diýilýär. Ýa-da türkmen dilindäki “oturan gyz orunly bolar” diýilýän söz, türk dilinde “oturan gyz ogul dogurmaz” diýlip, gapma-garşylykly mysal hökmünde getirilýär.

Bu ugurda ýazylan işleriň ählisinde türkmen atalar sözüniň danalygy, onuň müňýyllyklardan süzülip halkyň aňynda kemala gelmegi, söz hazynasyna öwrülmegi, olaryň terbiýeçilik, adamkärçilik ähmiýeti nygtalýar. Nakyllar tutuş halkyň düşünje dünýäsini, onuň huşasty giňişligindäki gymmatlyklary açyp görkezýär.

Gapma-garşy nakyllar

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew türkmen atalar sözüniň arasynda biri-birine gapma-garşy manyda ulanylýan nakyllara mysal getirdi:

“Öz göwnüňi ýykmasaň, dost göwni ynjar” diýýär, ýa “özüňi süýt bilgil, dostuňy gaýmak” diýýär. Edil şunuň ýanynda parallel ýene onlarça nakyl hereket edýär, il içinde ýaşaýar. “Ýüz görüp gapyrga syrma” ýa ýene bir nakyl “ýüz gören jennete barmaz” ýa-da bolmasa dosty sylamak hakda “öz göwnüňi ýykmasaň dost göwni ynjar” diýilýär welin, soň başga bir nakylda diýýär “dost – dost, mamla – rat”, dost bolsa-da rast bolmasa sözüni goldama diýýär. Ýa bolmasa, “edebiň ýagşysy ulyny syla” bu hem halk nakylynyň biri, yzýanynda-da ýene-de bir halk nakyly “göreşde ataň-da bolsa sylama” – “uly diýip hemme kişini sylap ýörme, göreş bolsa ýaşuly bolsa ony hem sylama” diýýär. Ýa bolmasa ýene-de bir türkmen nakyly “süýde siňe seretseň, gan görüner” diýýär. Halk paýhasynyň ýene-de bir nakyly “ýedi ölçäp bir kes”. Diýmek, süýde siňe seretmek gerek ekeni! Ýa bolmasa türkmende diýýär, “ýigide müň hünär hem azdyr”, yzýanyndan ýene-de halk içinde ýaşap gezip ýör “müň hünärden zerre yrsgal ýagşydyr” diýýär” diýip, Bugaýew düşündirdi.

“Syr almaga dost ýagşy, sylaşmaga ýat”, “syrdaş bolmadyk dostdan dost bolmaz”, “dostdan sözüň gizleme” diýilýär, yzýany “dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar”, “dosta aýtdym sözümi duşman bildi syrymy” diýilýär. Miräsgärler şeýle nakyllaryň her haýsysynyň başga-başga kontekstlerde ulanylýandygyny düşündirýärler.

Sözümiziň ahyrynda şahyr Şiraly Nurmyradyň toplan türkmen halk nakyllaryndan we atalar sözünden birnäçesini dykgatyňyzya hödürleýäris:

– Gözеliň gowusy gyşyk kеpbеdеn çykar.

– Gazana nämе salsaň çеmçäňе-dе şol ilеr.

– Islänini aýdan islеmеdigini eşidеr.

– Ýitеn pyçagyň sapy altyn.

– Bulutdan çykan gündеn gork, ýaşmakdan çykan dildеn gork.

– Kösä hеr kim bir gyl bеrsе sakgally bolar.

– Işan diýerlеr, molla diýerlеr – adamdan gowusy bolmaz.

– Söýeniňi alyp bilmеsеň alanyňy bir söýjеk bol.

– Bir gölе boşandy – tutuş oba iş boldy.

– Çagyrylyp gеldim diýip kowulýançaň oturma.

– Ajalyna howlugan gеçi çopanyny süsеrmiş.

– Jalbaryn gysgalygy boýun uzynlygyny aňladýan däldir.

– Akylly eşigini çykarýança samsyk dеrýadan gеçеr.

– Ýamanyň köýnеgi ýakasyndan ýyrtylar.

– Jähеnnеmе gidеn özünе ýoldaş gözlär.

– Bir ýyl gеçi bakan türkmеniň kyrk ýyllyk akylyna zyýan ýetеr.

– Süri yzyna gaýdanda agsagy öňünе düşеr.

– Atyň aýagyna nal kaksaň eşеgеm toýnagyny götеrеr.

– Hakykat köwşüni gеýýänçä ýalan dünýäni aýlanyp çykar

XS
SM
MD
LG