Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Owganystanyň täze goranmak ministrine garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy


Asadullah Khaled
Asadullah Khaled

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy Owganystanyň täze bellenen goranmak ministrine, adam hukuklaryny depeländigi aýdylýan aýyplamalar esasynda, sanksiýalary girizmäge çagyryş etdi.

“[Asadullah Khalediň] hökümetdäki işi döwri adam hukuklaryny depeländigi we uruş jenaýatlaryny amala aşyrandygy barada ynamly deliller bar” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama belledi.

Prezident Aşraf Ghani Khaledi dekabrda goranmak ministri wezipesine belläpdi. Bu karara adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar nägilelik bildirdiler. Olar Khaledi 2005-nji we 2008-nji ýyllarda Ghazni we Gandagar welaýatlarynyň häkimi bolan döwri adam öldürmelerine, gynamalara baş goşandygyny, şeýle-de aýallara jynsy zorluk görkezendigini aýdýarlar.

Khaled özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýär.

Human Rights Watch guramasynyň Aziýa boýunça direktory Brad Adams ABŞ-a, Kanada, Ýewropa Bileleşigine we beýleki donor döwletlerine ýüzlenip, Khalide garşy sanksiýalary, şol sanda syýahat gadagançylygyny girizmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG