Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň goranmak ministri Makedoniýa bilen gelnen ylalaşyk sebäpli wezipesinden çekildi


Panos Kammenos
Panos Kammenos

Gresiýanyň goranmak ministri Panos Kammenos ýurduň parlamentinde Makedoniýanyň ady üstünde onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän konflikti togtatmak ugrunda gelnen ylalaşyk boýunça geçirilmeli ses berilişigiň öňüsyrasy wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

“Makedoniýa meselesi maňa wezipämi gurban getirmekden başga alaç galdyrmady” diýip, Kammenos grek premýer-ministri Aleksis Tsipras bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Mundanam başga, ol Garaşsyz Grekler atly sagçy populist partiýasynyň hökümetiň düzüminden çykýandygyny aýtdy.

Kammenos 2018-nji ýylyň iýunynda grek we makedon hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşyga garşy çykyp gelýärdi.

Ylalaşyga görä, Gresiýanyň demirgazyk goňşusynyň ady Demirgazyk Makedoniýa Respublikasy diýlip üýtgediler. Gresiýa hem öz gezeginde, Makedoniýanyň NATO ýaranlygynyň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek tagallalaryny böwetlemegini bes eder.

11-nji ýanwarda makedon parlamenti degişli düzedişleri konstitusiýa girizmek boýunça taslamany goldap ses berdiler. Ylalaşygyň güýje girmegi üçin, indi ony grek kanunçykaryjylary tassyklamaly.

XS
SM
MD
LG