Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Žurnalistleri goramak baradaky komitet rus blogçysynyň tussag edilmegini ýazgardy


Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň logosy

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Orsýeti ýerli jenaýat toparynyň başlygyny jaýlamaga gatnaşýan resmileri görkezýän wideony paýlaşandan soň tussag edilen rus blogçysy Wiktor Toroptsewi derhal azat etmäge çagyrdy. Ol, hamala, köçe hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanyp tussag edildi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän media gözegçisi Toroptsewiň tussag edilmegini “aýylganç adalatsyzlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Orsýetlileriň jemgyýetçilige ähmiýetli wakalar babatda habardar edilmegi çäklendirilmeli däl” diýip, beýanatda aýdylýar.

Blogçynyň ozalky nebit tütjary, Kreml tankytçysy Mihail Hodorkowskiý tarapyndan goldanylýan "MBK Media" habar gullugyna aýtmagyna görä, Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Amursk şäheriniň sudy 14-nji ýanwarda Toroptsewi, hamala, köçe düzgünini bozmakda aýyplap, 10 gün tussaglyga höküm etdi.

Toroptsew özüniň 12-nji ýanwarda ýol polisiýasy tarapyndan saklanandygyny, olaryň özüni hamala möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasyny ulanmakda aýyplandygyny, emma ertesi, “belki-de jemgyýetçilik tankydy sebäpli”, azat edendiklerini gürrüň berdi.

Ol özüniň şu aýyň başyndan YouTube-de paýlaşan wideosy üçin nyşana alnandygyny, ol wideoda prokuratura edarasynyň işgärleriniň we birnäçe polisiýa ofiseriniň ýerli garakçylar toparynyň başlygyny jaýlamaga gatnaşyşynyň görünýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG