Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hakymy almak üçin Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetine çenli gitjek"


Ankara. Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde protest bildirýän türk işçileri
Ankara. Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde protest bildirýän türk işçileri

Türkmenistanyñ Hormatly prezıdenty

Arza

9 ýyla golaýdyr Türkmenistanda 4 çagam we aýalym bilen bilelikde ýaşadım. Bu süräň içinde Türkmenistanyň kanunlaryna, ahlagyna we medeniýetine hormat bilen ýaşadym. Hiç kim bilen aramyzda meselämiz bolmady. Emma aşakda görkezjek mowzugum meni we maşgalamy kyn ýagdaýa goýup bize zeper ýetirdi. Bu mowzukda maňa we maşgalama kömek etmegiňizi sizden haýyş edýärin.

Şu wagta çenli bolan döwürde adalatlydygymy (haklydygymy) pikir we bu temany çözüp bilmesem Ýewropanyň Adam hukuklary baradaky kazyýetine çenli gitjek.

Bu ýazanlarym hakynda ýalan sözleýändigimi, töhmet atýandygymy, dil ýetirýandigimi ýa-da meniň tarapymy tutýandygyny pikir edýän biri bar bolsa meniň edişim ýaly men barada kazyýet işini gozgap biler.

Bu arzam bilen ady geçen Çalık Grubu şereketiň we Türkmenistan Dokma Senagat Ministerligi jenaýaty barada talap arzasyny ýazyp, çekilen zyýanymy( 80mün dolar) hemmesiniň berilmegi üçin sizlerin ululygyňyza bil baglap bu temada maňa kömek etmegiňizi haýyş edýärin.

Onuň aýtmagyna görä, "Çalyk Grup" şereketi işden aýrylanlara Türkmenistanyň tekstil senagaty ministrliginiň adyndan iş we sosial kompensasiýalary tölänem bolsa, onuňkyny "möhleti geçendigini" öňe sürüp, tölemekden ýüz öwrüpdir.

Erol Egrek we onuň çagalary.

İhtar Eden

EROL EĞREK

(Gysgaldylyp çap edildi.)

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG