Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eti az, gök önümleri köp iýmeli: Ýer üçin täze iýmit endikleriniň zerurdygy aýdylýar


Hasabatda bellenişi ýaly, häzirki wagt 2 milliard töweregi adam ýaramaz hasaplanýan naharlar bilen iýmitlenip, çenden aşa semizlik, ýürek keselleri, diabet ýaly näsazlyklara uçraýar.
Hasabatda bellenişi ýaly, häzirki wagt 2 milliard töweregi adam ýaramaz hasaplanýan naharlar bilen iýmitlenip, çenden aşa semizlik, ýürek keselleri, diabet ýaly näsazlyklara uçraýar.

Dünýädäki adamlar Ýer ýüzüniň “betbagtçylykly” heläkçilige uçramagynyň öňüni almak üçin özleriniň iýmit endiklerini düýpgöter üýtgetmeli diýip, täze çap edilen hasabatda duýdurylýar.

Bu baradaky raport Britaniýanyň “Lancet” atly saglyk žurnalynda çap edilip, degişli barlag düýbi Stokgolmda ýerleşýän EAT guramasy tarapyndan guramalaşdyryldy.

Saglyk we daşky-gurşaw boýunça 30 töweregi ekspertiň taýýarlan hasabatynda adamlaryň şekeri we gyzyl eti häzirkisinden ýarpy esse azaltmalydygy we hoz, miwe, gök-bakja önümleriniň mukdaryny hem iki esse artdyrmalydygy maslahat berilýär.

“Biz häzir weýrançylyk ýagdaýynda” diýip, hasabatyň awtorlarynyň biri we London Uniwersitetiniň professory Tim Lang aýtdy.

Hasabatda bellenişi ýaly, häzirki wagt 1 milliarda golaý adam açlykdan kösenýär; şol bir wagtda, 2 milliard töweregi adam ýaramaz hasaplanýan naharlar bilen iýmitlenip, çenden aşa semizlik, ýürek keselleri, diabet ýaly näsazlyklara uçraýar.

Süýt we et öndürijileri hasabaty tankytlap, onda etiň we süýt önümleriniň peýdaly taraplary barada gürrüň edilmeýändigini öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG