Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Moskwa bilen INF şertnamasy boýunça “täze özgerişligiň ýokdugyny” aýdýar


ABŞ-nyň ýaraglandyrylmadyk Minuteman III interkontinental raketasynyň synagy. 2017 ý.
ABŞ-nyň ýaraglandyrylmadyk Minuteman III interkontinental raketasynyň synagy. 2017 ý.

ABŞ Russiýanyň Sowuk Urşy döwrüniň ýaraglary çäklendirmek ylalaşygyna nä derejede ygrarly bolup galýandygyny ýeterlik derejede barlap bolmaýandygyny aýdyp, Moskwanyň bu ylalaşygy saklap galmak baradaky teklibini ret etdi.

ABŞ-nyň ministriniň ýarag kontroly we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasary Andrea Tompson bu barada çarşenbe güni çykyş etdi. Bu Waşingtonyň geljek aý 1987-nji ýylda baglaşylan Orta aralyk ýadro güýçleri, şeýle-de INF diýlip bilinýän ylalaşykdan çykmagy üçin esas döredýär.

INF – Orta aralyk ýadro güýçler şertnamasy gury ýerden atylýan we 500-den 5500 km aralyga çenli ýetýän ganatly hem ballistik raketalary gadagan edýär.

Bu şertnama astynda Sowet Soýuzy we Birleşen Ştatlar tarapyndan, olaryň köpüsi Ýewropada, 2 müň 700-e golaý raketa ýok edilipdi.

Ženewada rus we ABŞ resmileriniň geçiren gepleşiklerinden soň, Thompson Moskwanyň, Birleşen Ştatlaryň şertnamanyň şertlerini bozýandygyny çaklaýan, täze raketa toplumynda degişli barlaglary geçirmäge mümkinçilik döretmeýändigini aýtdy.

“Biz düýn Russiýa bilen hiç hili özgerişligi gazanyp bilmedik” diýip, Thompson 15-nji ýanwarda geçirilen duşuşyk barada çykyş etdi.

“Düýnki gepleşikleriň we şu günki edilen çykyşlaryň mazmunyndan çen tutulsa, onda Russiýanyň ylalaşyk ýoluny saýlap aljakdygyna hiç hili yşarat görünmeýär” diýip, ABŞ resmisi sözüne goşdy.

Russiýa öz gezeginde, eger Birleşen Ştatlar bu şertnamadan çyksa we şeýle raketalary Ýewropada ýerleşdirse, Moskwanyň hem muňa şeýle çäreleri görmek bilen jogap berjekdigini duýdurdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa, Birleşen Ştatlary ýaraglar hakyndaky şertnamalar ulgamyny sökmek synanyşygynda aýyplady.

Lawrow 16-njy ýanwarda öz ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş edip, Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän dartgynlaşan wagtynda gaýta-gaýta Waşingtony tankytlady.

"Birleşen Ştatlar tarapyndan edilýän birtaraply hereketler, strategiki durnuklylygy üpjün edýänörän wajyp halkara hukuk gurallaryny sökmegi maksat edinmek bilen, optimizmi ýokarlandyrmaýar” diýip, Lawrow aýtdy.

Ol bu maksadyň bir gün ozal Ženewada INF şertnamasy hakynda geçirilen gepleşiklerde “örän aýdyň tassyk bolandygyny” aýtdy we Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň Waşington tarapyndan 1987-nji ýyldaky ikitaraplaýyn şertnamany bozmakda aýyplanan raketa baradaky düşündirişini görmezlige salandygyny öňe sürdi.

Eger-de, Waşington bilen Moskwa ylalaşyga gelip bilmeseler, onda ABŞ 2-nji fewralda INF şertnamasyndan çykmak boýunça alty aýlyk prosesine başlar.

XS
SM
MD
LG