Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti “Talyban” bilen gepleşiklerde berýän kömegi üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanda barýan 17 ýyllyk urşy tamamlamak boýunça alnyp barylýan diplomatiki tagallalaryň çäginde, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrundaky berýän kömegi üçin Pakistana minnetdarlygyny bildirdi. Bu barada Pakistanyň hökümetiniň metbugat edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Mundan öň, Owganystanyň goňşy Pakistan bilen gatnaşyklary ýygy-ýygydan dartgynlaşyp, Kabul Yslamabady “Talybana” hemaýat bermekde dowamly aýyplap gelýärdi.

Pakistan resmileri bu aýyplamalary ret edip, Yslamabadyň Owganystandaky durnuklylygyň tarapynda çykyş edýändigini belleýärler.

Şu hepde “Talybanyň” wekilleri Yslamabadyň jeňçi toparynyň ýokary derejeli liderini tussag edip, olaryň owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin basyş edýändigini aýdypdylar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad Kabulda prezident Ghani we beýleki owgan resmileri bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Pakistana ugrady.

XS
SM
MD
LG