Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikadaky gaz geçiriji partlamasynda azyndan 20 adam öldi


Geçiriji partlamasy. Tlahuelilpan, Hidalgo, 19-njy ýanwar, 2018 ý.
Geçiriji partlamasy. Tlahuelilpan, Hidalgo, 19-njy ýanwar, 2018 ý.

Merkezi Meksikada bolan gaz geçiriji partlamasynda azyndan 20 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Bu partlama Meksika şäherinden 85 km çemesi demirgazykda boldy.

Partlamanyň bolan ýeriniň – Hidalgo ştatynyň başlygy Omar Faýad 18-nji ýanwarda partlama geçirijiden syzan ýangyjyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Biziň bilýän zadymyz bu ýeriň bikanun ýangyç ogurlanýan ýer bolmagy we häkimiýetler ýangyn turanda mundan habarlydy” diýip, ol Faro TW bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol azyndan 54 adamyň partlama sebäpli düşen ýanyk we beýleki ýaralary sebäpli hassahanalarda bejergi alandygyny aýtdy.

Ýerli media bu ýere ýangyç almaga ymtylan ýüzlerçe adamyň elleri bedreli çozup gelendigini habar berdi.

Faýad twitterde ýerli ilata ýangyç ogurlamaly däldigi hakynda duýduryş berdi, “bikanun bolmagyndan başga, bu siziň özüňiziň we wemaşgala agzalaryňyzyň janyny töwekgellik astynda goýýar” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de ol bu ýerde bolan zadyň indi gaýdyp gaýtalanmaly däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG