Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sahalinde ýüzlerçe adam Kuril adalary üçin demonstrasiýa çykdy


Orsýet bu adalary Günorta Kuril adalary, Ýaponiýa bolsa Demirgazyk territoriýalary diýip atlandyrýar. 
Orsýet bu adalary Günorta Kuril adalary, Ýaponiýa bolsa Demirgazyk territoriýalary diýip atlandyrýar. 

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Sahalinde ýüzlerçe adam demonstrasiýa çykdy, olar dawaly Kuril adalarynyň hiç biriniň Ýaponiýa berilmezligini talap edýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Sibir bölüminiň maglumatyna görä, 19-njy ýanwarda Günorta Sahalinregionynyň adminstratiw merkezinde 300 çemesi adam ygtyýar berilmedik proteste çykdy.

Demonstrasiýaçylaryň biri düzgüni bozmakda aýyplanyp, polisiýa tarapyndan alnyp gidildi we iki sagatlap tussagda saklandy.

Bu Sahalindäki şuňa meňzeş protest aksiýalarynyň soňkusy bolup durýar. Bu protest Orsýet bilen Ýaponiýanyň onýyllyklara çeken ada dawalaryny çözmek tagallalarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýet bu adalary Günorta Kuril adalary, Ýaponiýa bolsa Demirgazyk territoriýalary diýip atlandyrýar.

Bu adalar Ikinji Jahan urşunyň soňky günlerinde sowet goşunlary tarapyndan basylyp alyndy.

XS
SM
MD
LG