Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda daşky gurşaw gözegçisini öldürmekde aýyplanýanlar tussag edildi


Saýgak keýikleri.
Saýgak keýikleri.

Gazagystanda daşky gurşawa gözegçilik edýän bir işgäriň brankoýerdigi öýdülýän şahsyýetler bilen dörän dawada ýenjilip öldürilendigine çalym edýän hadysa bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp üç adam tussag edildi. Bu barada gazak resmileri maglumat berýärler.

Içeri işler ministrligi aýyplanýanlaryň ýurduň günortasyndaky Kyzylorda şäherinde, öz öýlerinde tussag edilendiklerini mälim etdi.

Baş prokuratura 15-nji ýanwarda öldürilen Erlan Nurgaliýewiň derňewine baş prokuroryň özüniň gözegçilik edýändigini aýtdy.

Bu iş Gazagystanda uly nägilelik döretdi, şeýle-de döwlet tarapyndan goralýan saýgak keýikleriniň öldürilmegini ýene bir gezek gün tertibine getirdi.

Nurgaliýewiň işdeşiniň beren maglumatyna görä, olar 13-nji ýanwar güni Tengiz derýasynyň töwereklerine gözegçilik edýän pursady, bir ulagyň garyň ýüzündäki galdyran yzyny we tüpeň seslerini eşidipdirler. Şeýle-de, olar ýaňy öldürilen saýgak keýikleriniň üstünden barypdyrlar.

XS
SM
MD
LG